Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Syýasat /Däp bolan gatnaşyklar pugtalandyrylýar
  13.06.2024
257
Däp bolan gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürildi. Hususan-da, iki ýurt 2008-nji ýyldan bäri özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda daşary syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda has netijeli gatnaşyklary ýola goýdular. Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrýarlar. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn hem ählumumy derejede däl, eýsem, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň çäklerinde-de özara gatnaşyklary berkidýär.

 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 10-njy iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

 

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz doganlyk ýurt bilen gatnaşyklaryň barha giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlarynyň birnäçesi barada aýratyn durup geçdi. Gepleşikleriň dowamynda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda «Aşgabat-sitiniň» gurluşygyna koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagy, Koreýa Respublikasynyň bilim merkezlerinde türkmen dilini öwrenmegi guramakda goldaw bermegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, parahatçylyk we ynanyşmak mowzuklary boýunça Baş Assambleýanyň Aziýa toparynda geňeşmeleri başlamagy, «Koreýa — Ýüpek ýoly» hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň giňeldilmegi möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Dostlukly döwletiň Baştutany öňe sürlen teklipleri goldap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

 

Türkmenistanda Prezident Ýun Sok Ýoluň häzirki döwlet saparyna döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garalýar.

 

Ýatlap geçsek, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça 105 sany resminama gol çekip, 26-sy döwletara we hökümetara resminamalar, 79-sy bolsa pudagara resminamalar bolup durýar.

 

Türkmenistanda Günorta Koreýanyň maýasynyň gatnaşmagynda 13 sany kärhana hasaba alyndy. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 14 sany maýa goýum taslamasy bar.

 

«Hyundai» kysymly 1630 sany awtobus we 300 sany ýeňil taksi awtoulagy satyn alyndy.

 

Häzirki wagtda «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» gämi gurluşyk senagaty tehnologiýa kärhanasynyň gatnaşmagynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygy hem alnyp barylýar.

 

Merjen ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.