Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgär 2024: Aşgabat syýahatçylyk orta hünär mekdebi dalaşgärleri okuwa çagyrýar
  08.08.2024
445
Dalaşgär 2024: Aşgabat syýahatçylyk orta hünär mekdebi dalaşgärleri okuwa çagyrýar

Aşgabat orta hünär syýahatçylyk mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin welaýatlardan okuwa kabul edilýän talyplary aşakdaky ugurlar boýunça okuwa çagyrýar:

1. Myhmanhana hyzmatlary.
2. Syýahatçylyk hyzmatlary.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
5. Daşky gurşawy goramak we tebigy miras.
6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

Resminamalar 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyna çenli Aşgabat şäherinde kabul edilýär.

Welaýatlardan gelen talyplar üçin ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçilik göz öňünde tutulýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Berkararlyk etraby, 2105/5 (Mämmet Gurbanow köçesi), 33
Telefon: 76-74-14, 76-75-05, 76-75-15
Sahypa: syyahatohom.edu.tm