Aman Kekilow mugallymçylyk mekdebi 2024/2025-nji okuw ýy ly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Býujet esasynda:
1. Başlangyç synplarda okatmak.
2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe.
II. Tölegli esasda:
1. Başlangyç synplarda okatmak
Mugallymçylyk mekdebine Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda, şeýle-de Balkan welaýatynda hemişelik ýaşaýan umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek2024-nji ýyl yň iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 3-4-i we 6-7-si günlerinde A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 124,tel.: 90-62-04.