logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /Çowdary ekininiň çöreklik ähmiýeti
  25.04.2023
1024
Çowdary ekininiň çöreklik ähmiýeti

Çowdary ekini däneli ekinleriň içinde bugdaý ekininden soň çöreklik ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýar. Ýöne bugdaý ekinine seredende çowdary ekininiň çöreklik ähmiýetinde bir tapawudy bar, ol hem çöregiň saglyk ähmiýetiniň ýokary bolmagydyr. Bugdaý  ekininiň hem çöreklik ähmiýeti ýokarydyr ondan ýurdumyzyň esasy azyklyk önümleri bolan  çörek, köke we konditer önümleri alynýar. Emma çowdary ekininiň unundan berhiz saklaýan adamlar kän çörek önümlerini edip iýýärler, sebäbi onuň siňijilik häsiýeti has ýokarydyr. Şonuň üçin hem bu ekine başgaça saglyk çöregi diýip atlandyrylýar.   

Çowdary ( Sekale ) urugyna degişli birýyllyk we köp ýyllyk ekindir. Onuň düzüminde ortaça 13% belok saklaýar. Çörek önümini etmeklik üçin gerek bolan belogyň we kleýkowinanyň mukdary çowdary ekininde saklanýar. Şonuň üçin hem çowdary ekininiň dänesinden taýýarlanan unundan çörek önümini taýýarlap bolýar. Bu hem çowdary ekininiň çöreklik ähmiýetiniň bolmagynyň aýdyň şaýadydyr. Un kärhanalarynda çowdarynyň üç görnüşli uny taýýarlanýar. Ýagny 95%-li gabykly, 87%-li gabygy aýrylan we 63%-li elenen görnüşdäki unlaryny görmek bolýar.   

Çowdary çöregi özüniň  düzüminde doly bahaly beloklary we witaminleri saklaýar. Onuň  kaloriýalygy we tagamy gowudyr. Çowdary çöregi iň peýdaly çörek bolup, onda aýratyn iýmit süýümi saklanýar. Fransiýanyň we Finlandiýanyň alymlary hem çowdary çöreginiň saglyga peýdasyny bilmeklik üçin birnäçe ylmy barlag işlerini geçirdi. Şol barlagyň netijesinde çowdary  çöreginiň esasy peýdasy kleçatka baglydygyny ýüze çykarýarlar. Ýagny çowdary ekininiň unundan edilen çörek önümi günde bir gezek iýilse, aýallar kleçatkanyň ortaça 20%-ini, erkekler 30%-ini şol önümden alýar diýip bellenilip geçilýär. Saglyk çöregi diýlip atlandyrylýan  çöregiň düzümi B witaminlere, tiamin we folium kislotalaryna, demir, magniý, sink we mis ýaly mineral maddalara baý hasaplanýar. Bulardan başga-da peýdaly häsiýeti ýokary bolan çowdary çöregi  gandaky serotoniniň düzümini kadalaşdyrýandygyny alymlar belläp geçýär. Serotonin gormonynyň esasy bölegi içegede  bolýar. Şonuň üçin hem çowdary çöregi içegede serotoniniň işlenip çykyşyny azaldýar. Edil şol sebäpden hem çowdary çöregi içegäniň saglygy üçin hem örän peýdaly hasaplanýar.

Şeýle-de bu çörek ikinji görnüşli süýji keseliniň güýçlenmegini togtadýar. Şonuň üçin hem berhiz saklaýan we süýji keseli bilen hem kesellän adamlara çowdary çöreginden iýmeklik maslahat berilýär. Şeýdip saglyk çöregi diýlip atlandyrylýan çowdary ekininiň çöreklik ähmiýetiniň ýokarydygyna doly göz ýetirip bolýar. 

 

Albina ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.