logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çopantelpek
  11.10.2021
2873
Çopantelpek

Çopantelpek köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlyk, aşa duýgurlyk ýag- daýlarynda ulanylýar. Bu derman oty rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, kiçi çagalar we uzak wagtlap dartgynly ýagdaýda bolanlar üçin peýdalydyr. Çopantelpek iň howpsuz derman ösümlikleriniň biridir.

Tebipçilikde bu ösümlik agyryny aýryjy, köşeşdiriji, damar giňeldiji serişde hökmünde hem ulanylýar. Çopantelpegiň sowuklama garşy bolan täsiri guragy- ryda, bogunlaryň çişmesinde we beýleki çişmelerde peýda edýär. Şeýle hem diş sowuklamasynda çopantelpegiň demlemesine agyz çaýkalsa nepi uludyr.

Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, olary öz wagtynda ýüze çykarmakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny dikeltmekde ýurdumyzyň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti bara-da giňden maglumat berýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» we «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaplary diňe biri lukmanlar üçin däl, eýsem, halk köpçüligi üçin gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmä öwrüldi. Şol kitaplarda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhem çaýlary saglyk üçin örän peýdalydyr.