Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saragt Babaýew – döredijilikli zähmetden ylham alan ussat ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekdi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ABŞ-nyň Kent uniwersitetinde dabaraly bellenildi ✦ ✦ Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar giňeldilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çeper eser okamagyň peýdasy
  17.09.2024
77
Çeper eser okamagyň peýdasy

Eýsem, siz okamagy halaýarsyňyzmy? Ýogsa-da, siz günüň dowamynda azajyk hem bolsa, çeper edebiýaty okaýarsyňyzmy? Eger-de okamaýan bolsaňyz, haýp, çünki şeýtmek bilen siz akyl we ruhy taýdan köp zady ýitirýärsiniz. Alymlar okamagyň adama köp sanly inkär edip bolmajak peýdalary getirýändigini birwagtlar subut etdiler. Kitap okamak:

 

Añy ösdürýär. Alymlaryň geçiren köp sanly barlaglarynda adam beýnisiniň çeper edebiýat bilen yzygiderli meşgullanmagynyň huşsuzlyk  ýaly keselleriň dõremek howpuny ep- esli azaldýandygy ýüze çykaryldy. Beýni hem güýçli we sagdyn bolmak üçin beýleki myşsalar ýaly türgenleşige mätäçdir.

 

Stresi aýyrýar. Stresi başdan geçirýän bolsaňyz, hekaýa okap başlanyňyzdan soň, ondaky wakalara imrinip, stresiň aradan aýrylyp, bedeniňizin rahatlanandygyny duýarsyňyz.

 

Bilimiňi artdyrýar. Islendik kitap okyja täze bilimleri getirýär, üstesine-de bilim arkaly islendik synaglara hötde gelip bilersiňiz.

 

Söz baýlygyny artdyrýar.  Siziň söz baýlygyňyz her bir tāze kitap bilen artýar. Näçe köp okasañyz, şonça-da manyly we sypaýy gürlärsiniz. Bu bolsa öz gezeginde, özüñize bolan ynamyňyzyň artmagyna goşant goşýar we durmuşda üstünlik gazanmagyňyza sebäp bolýar.

 

Ýadyňy gowulandyrýar. Bir romany okap, wakalary yzarlaýarkaň, köp sanly gahrymanlary, olaryň  başdan geçiren wakalaryny, duýgularyny we başga-da köp-köp jikme-jiklikleri ýatda saklarsyňyz.

 

Seljeriş endiklerini ösdürýär. Okyjy, köplenç, detektiw romany okaýarka, kitaby heniz doly okap gutarmanka, ondaky esasy syry açýar. Bu bolsa öz gezeginde kitapdaky maglumatlar özleşdirilende, seljeriş ukybyňy artdyrýar. Haçan-da kitapdaky maglumatlary we wakalary añyňa siñdireniňde, kitaba bolan garaýyşlar we bellikler yüze çykýar.

 

Ünsüňi güýçlendirýär. Kitap okanyňda okyjynyň ähli ünsi hekaýa gönükýär, daşardaky wakalary bolsa unudýar. Irden ýolda biraz kitap okasañyz,  ünsüňizi jemlemek añsat bolar.

 

Laçyn MÄMETOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.