logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Çekeleşikli geçen futbol ýaryşy
  18.04.2023
1162
Çekeleşikli geçen futbol ýaryşy

Ýakynda Tejen etrabynyň Garryçyrla geňeşliginiň sport mekdebinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda «Saglyk» aýy mynasybetli Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Milli sport dünýäň bagty, sagdyn ruh äleme ýagty!»  atly şygar astynda etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy oglanlarynyň arasynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşige badalga berildi. Ýaşlary sporta çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, sporta höweslerini artdyrmak hem-de güýçlüleri ýüze çykarmak maksadyndan ugur alnan ýaryş diýseň çekeleşikli boldy.

Bu ýaryşda toparlar aýratynlykda bäsleşip, futbolçylaryň bu gezekki ýaryşda görkezen has gowy oýunlary janköýerleriň şowhunyna mynasyp boldy. Sportuň köpçülikleýinligini gazanmaga, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny goramakda okuwçylara sportuň ähmiýetini wagyz etmäge gönükdirilip geçirilýän bu ýaryşlar şu gezek hem diýseň gyzykly geçdi. Şeýlelikde bu bäsleşikde etrabyň 30-njy orta mekdebiniň ýygyndy topary ýeňiji boldular.

Bäsleşigiň ahyrynda ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine uly üns berýän, köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler hem-de ýeňiji bolan okuwçy ýaşlara bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary, hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

 

Gurbanmyrat JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň işgäri
.