Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ilkinji uçurymlar taýýarlygyň täze ugurlary boýunça Türkmen döwlet maliýe institutyny tamamladylar ✦ ✦ «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» atly hakaton bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylaryň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ «Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly makalalar ýygyndysy neşir edildi ✦ ✦ Parasat äleminiň ägirdi ✦ ✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşikde 107 ýeňiji sylaglandy ✦ ✦ “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň uçurymlary diplom işleri bilen tanyşdyrydy ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda diplom goraglary dabaraly geçirildi ✦ ✦ Däp bolan gatnaşyklar pugtalandyrylýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 17-nji halkara oba hojalyk sergisi geçirildi
  22.05.2024
76
“Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 17-nji halkara oba hojalyk sergisi geçirildi

Şu ýylyň 15 – 17-nji maýy aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde ýerleşýän Sergiler merkezinde “Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 17-nji halkara oba hojalyk sergisi geçirildi. Türkmen telekeçileri bu sergä ilkinji gezek öz önümleri bilen gatnaşdylar. 

 

Türkmenistandan başga-da, sergä Germaniýadan, ABŞ-dan, Belarus Respublikasyndan, Belgiýadan, Çehiýadan, Hytaýdan, Günorta Koreýadan, Estoniýadan, Owganystandan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Ysraýyldan, Şwesiýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Indoneziýadan, Latwiýadan, Müsürden, Niderlandlardan, Özbegistandan, Pakistandan, Polşadan, Gazagystandan, Russiýadan, Serbiýadan, Slowakiýadan, Tailanddan, Türkiýeden, Şri-Lankadan, Wenesueladan, Ýaponiýadan we Gresiýadan kompaniýalar gatnaşdylar. 

 

Oba hojalyk tehnikalary, oba hojalyk desgalary we enjamlary, suwaryş ulgamlary, gaplaýyş, oba hojalygynda, maldarçylykda, guşçulykda, bal aryçylyk, iýmleriň we dökünleriň önümçiliginde, weterinariýada, bagçylykda, miweleri hem-de bakja ekinleri ösdürip ýetişdirmekde innowasion tehnologiýalar üç günläp dowam eden “Caspian Agro” sergisiniň esasy bölümlerini düzdi.

 

Şeýle hem türkmen kompaniýalary degişlilikde, 15 – 17-nji maýda geçirilen “InterFood Azerbaijan” atly Azerbaýjanyň azyk senagatynyň 29-njy halkara sergisine gatnaşdylar.

 

Ogulşirin Gündogdyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.