logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /Çarwa ilatynyň «çöl howuzy» - Sardoba
  01.02.2023
1460
Çarwa ilatynyň «çöl howuzy» - Sardoba

Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz Garagumuň sähraýy ýaýlalarynda, öri meýdanlarynda ine-gana ýaýnap ýören goýundyr geçilerini, düýelerini suwa ýakmak üçin guýulardyr kaklar bilen birlikde, sardobalaryň hyzmatyndan hem peýdalanypdyrlar. Çarwa ilatynyň, adamlarynyň «çöl howuzy» diýip atlandyran sardobalary barada gürrüňe başlamazdan öňürti kak suwy, kaklar barada aýtsak, sardobalaryň çarwa durmuşyndaky ähmiýetine, zerurlygyna has-da oňat düşüneris.

Kak suwunyň üstüniň açyk bolmagy yssy howada çalt bugaryp gutarmagyna getiripdir. Daş-töwereginiň goragsyzlygy bolsa, ondaky suwuň hapalanmagyna sebäp bolupdyr. Suwuň her damjasyny altyna deňän pederlerimiz ony isrip etmezlige çalşyp, kak suwuny saklamagyň rejeli we kämil usulyny döretmegi başarypdyrlar. Öňi bilen kak suwunyň daşyna gorag diwarlaryny aýlapdyrlar. Gorag diwary çöl ösümliklerinden, berdaşly çöl daragtlaryndan, palçykdan gurlupdyr. Kakyň daş-töweregine aýlanan gorag diwary suwuň hapalanmazlygynyň bellibir derejede öňüni alsa-da suwy bugarmakdan gorap, saklap bilmändir. Ata-babalarymyz bu meseläni sardobalary gurmak arkaly çözüpdirler. Şonuň üçin-de sardobalar çarwa ilatynyň arasynda «çöl howuzy» diýlip atlandyrylypdyr.

Aslynda «sardoba» sözi (käbir ýerlerde «sardaba») «sard» — sowuk, «ab» — suw sözleriniň birleşmeginde «sowuk suw» diýen manyny aňladýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu gadymy suw desgasy barada şeýle belleýär: «Sardoba kerwen ýollarynyň ugrunda, şäherlerde, gadymy obalarda ýagyş suwy ýa-da gar uzak saklanar ýaly ýörite gurulýan desga. Aşagy suw syzmaz ýaly petiklenip, üstüne gümmez, dört tarapyna hem howa geçip durar ýaly deşik edilip gurulýar. Ol «Sowuk suwly howdan» manysyndadyr».

Sardobalar tegelek görnüşde gurlup, suwy saklamaga niýetlenen howuzdan, howuzyň üstüni örtýän depesi deşikli gümmezden, esasy girelgeden ybarat bolupdyr. Sardobanyň diwarynda deşikler goýlupdyr. Olar sardobanyň içiniň ýagty bolmagyna we howanyň çalşyp, suwuň zaýalanmazlygyna hemaýat edipdir. Sardobalaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda uly ähmiýeti bolupdyr. Suwuň ýygnanyş usulyna baglylykda sardobalar üç görnüşe bölünipdir. Ýagyş we gar suwunyň hasabyna doldurylýan sardobalar esasan daglaryň, baýyrlaryň ugrunda oý ýerlerde gurlan bolsa, käbirleri ýaplaryň, aryklaryň, çeşmeleriň we Garagum sährasynyň uly gum depeleriniň töweregini gallap oturan oý ýerlerde gurlupdyr. Sardobalaryň bu görnüşinden, esasan, oba adamlary, çarwa ilaty peýdalanypdyr. Käriz suwlaryny ýygnamak üçin gurlan sardobalar hem bar.

Ata-babalarymyz ýolagçylaryň, söwdagärleriň we çopan-çoluklaryň, mallaryň teşneligini gandyrýan sardobalary gurmagy we olaryň gurluşygyna gatnaşmagy sogap iş hasaplapdyrlar, bu sogaply, alkyşly işe hemişe işjeň gatnaşypdyrlar. Ýazuw ýadygärliklerinde sardobalaryň ilkinji gezek X asyrda ýatlanylmagy olaryň gadymylygyna şaýatlyk edýär. Gadymy döwürlerden bäri suwy tygşytly ulanmak, rejeli peýdalanmak we tebigata sarpaly garamak asylly ýörelge bolupdyr.