logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Economics /(CAREC) maksatnamasyna gatnaşyjylar türkmen energiýa serişdelerine ýokary baha berdiler
  30.11.2023
459
(CAREC) maksatnamasyna gatnaşyjylar türkmen energiýa serişdelerine ýokary baha berdiler

28–29-njy noýabrda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde Aziýa ösüş banky (ADB) we ýurduň hökümeti bilen bilelikde geçirilen «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde eneregtika ugry boýunça maýa goýum forumy geçirildi. 

 


Bu foruma Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary S.Saparowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. 

 


Forumda Aziýa sebitiniň çäginde täze energetika taslamalary ýola goýmak, sebitiň hödürleýän maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmek, energetika netijeliligi we durnukly çözgütler hödürlemek, ýel we gidroenegetika bilen baglanyşykly beýleki birnäçe meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. Bu barada Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

 


Ýurdumyzyň wekilleri öz çykyşynda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde sebitde sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmek bilen, anyk taslamalaryň ençemesini amala aşyrýandygy barada belläp geçdi.

 

 

Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň ýola goýulyşy we eksportyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen meýilnamalaryna we anyk hereketlerine (CAREC) maksatnamasyna gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berildi.

Dürligözel Babajikowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.