logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /ÇALT UKLAMAGA KÖMEK EDÝÄN DÜŞEKÇE
  11.01.2023
1173
ÇALT UKLAMAGA KÖMEK EDÝÄN DÜŞEKÇE

ABŞ-nyň Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň bioinženerleri gyzyp we sowap bilýän özboluşly düşekçe we ýassyk döretdiler. Ýagny, bu düşekçe çalt uklamaga we ukynyň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Günüň dowamynda adamyň bedeniniň temperaturasy ýokarlanýar we peselýär, bu hem gujurlylygyň we ukuçyllygyň peýda bolmagyna laýyk gelýär. Garward lukmançylyk mekdebiniň uky lukmançylygy fakultetiniň işgäri Şahab Hagaýeg düşekçäniň bedeniň temperaturasyna duýgur içki datçikler bilen manipulirlemek arkaly uklamagy ýeňilleşdirýändigini düşündirýär. Düşekçe şol bir wagtyň özünde göwräni sowadýar we boýny, elleri we aýaklary gyzdyrýar.

Tehnologiýany synap görmek üçin alymlar 11 meýletinçini işe çekdiler. Olar düşekçäniň iki görnüşini hödürlediler: olaryň biri gyzdyrmak we sowatmak üçin suwy, beýlekisi howany ulanýar.

Barlagçylar uklamak prosesini kynlaşdyrmak üçin meýletinçilere adatdakysyndan iki sagat ir ýatmagy tabşyrdylar. Netijeler düşekçäniň gyzdyryş we sowadyş aýratynlyklarynyň ulanylmagynyň uklamagy 58% çaltlaşdyrandygyny görkezdi.

Alymlar meýletinçileriň diňe bir çalt uklaman, umuman, ukynyň hiliniň hem ýokarlanandygyny belleýärler. Munuň sebäbi arterial basyşyň peselmegi we munuň ýürek-damar ulgamyna netijeli dikelmäge mümkinçilik berýändigi bilen baglanyşyklydyr.  

 

Döwletmyrat ARAZDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.