Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çagalaryň duýgularyny ösdürmek ― möhüm wezipe
  18.11.2024
202
Çagalaryň duýgularyny ösdürmek ― möhüm wezipe

Geljegiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň aň, duýgy, düşünje taýdan kämil bolmaklary üçin heniz bakja-bagyna gatnaýan wagtynda alada edilýär. Ýörite okuw sapaklary geçilýär. Şeýle sapaklaryň biri hem çagalarda duýgulary ösdürmek sapagydyr. Ol näçe kiçi ýaşdan başlansa şonça hem täsiri uly bolýar. Şonuň üçin kiçi ýaşly çagalaryň duýgularyny oýarmakda pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmekde, olary akyl taýdan ösdürmekde geçirilýän sapaklaryň, oýunlaryň ähmiýeti örän uludyr. Çagalaryň mekdepde üstünlikli okamagy üçin olaryň irki ösüş döwründen başlap alan bilimleriniň kesgitli derejede bolmagy talap edilýär.

 

Çagada ilkinji duýgular enäniň ýürek arzuwlary siňen setirleriniň heňine goşulyp aýdylýan hüwdüsinden başlanýar. Gyz eneden, ogul atadan ýa-da özlerinden uly doganlary bolsa şolaryň hereketlerinden görelde almaga başlaýar.

 

Wagtyň geçmegi bilen çagalar bakja-bagyna gelýär. Ol ýerde eýýäm daş töweregindäki, terbiýeçiler, deň duşlary bilen aragatnaşyk saklap şolarda gowy gören gylyk-häsiýetlerini özünde gaýtalaýar. Biziň dünýä ülňülerine gabat gelýän çagalar bakja-baglarymyz ýokary hilli innowasion tehnalogiýalar bilen üpjün edilip, çagalaryň döwrebap bilim almagyna ýardam edýär.

 

Bakja toparlarynda esasy dersleriň biri duýgulary ösdürmek dersi. Dersiň ilkinji sapagy tanyşlyk körpeler toparyň içindäki predmetler bilen tanyşdyrylýar we daş töweregine syn etmekligi öwredilýär. Sesleri tapawutlandyrmak reňkler baradaky düşünjelerini berkitmek, haýwanlar bilen tanyşmak, eşidiş duýgularyny ösdürmek, haýwanlaryň hereketini gaýtalamak, haýwanlar barada goşgy aýtdyrmak we aýdymlary diňletmek, sesine öýkünmek sesleri tapawutlandyrmak ukyplary döretmek zerur bolup durýar.

 

Çagalaryň duýgularyny ösdürmek maksady bilen, çagalar bakja-baglarynda guralýan gezelençleriň dürlüligi, talaba laýyk bolmagy esas bolup durýar. Çagalar bakja-bagynda bellenen dersler boýunça işlenen ýörite okuw maksatnamalaryna laýyklykda ilkinji düşünjeler berlip, başarnyklar we endikler kemala getirilýär. Munuň özi sagdyn düşünjeli nesilleri kemala getirmekde möhüm başlangyçdyr.

 

Enejan REÝIMGULYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.