Çagalary goramagyň halkara güni 1949-njy ýylyň noýabr aýynda Fransiýanyň Pariž şäherinde Halkara Demokratik Aýallar Federasiýasynyň Gurultaýynyň karary bilen döredildi. Bu sene ilkinji gezek 1950-nji ýylda bellenilýär. Mundan başga-da dürli ýurtlarda Bütindünýä çagalar güniniň Agressiýanyň pidalary bolan bigünä çagalar güni (4-nji iýun) we Afrika çagalar güni (16-njy iýun) ýaly çagalara bagyşlan başga hem seneleri bar. Halkara hukugynyň derejesinde onuň esasy resminamasy bolan Çaga hukuklary baradaky konwensiýa BMG tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilendir.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 1994-nji ýylda BMG tarapyndan kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy hem-de ösüp gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz ýokary jogapkärçiligini tassyklady. Şol günden bäri ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we çagalary goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn özgertmelere ýetmek ugrunda Türkmenistanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç dörýär.
Humaý Berdinýazowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji talyby.