logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Çagalara täze ýyl sowgady
  25.12.2020
865
Çagalara täze ýyl sowgady

      Ahal welaýatynyň orta mekdeplerinde Hormatly Prezidentimiziň adyndan birinji synp okuwçylaryna Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary geçirildi. Welaýatda hereket edýän umumybilim berýän orta mekdepleriň ählisinde bu dabaralaryň guramaçylykly geçmegi we ýaş nesil üçin ýatda galyjy bolmagy ugrunda mynasyp tagalla edildi.   

      Türkmenistanyň Mejlisiniň welaýatyň çäginden saýlanan deputatlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de Aýazbabadyr Garpamyk bilim ojaklarynda bolup, 1-nji synp okuwçylaryny gutlamak bilen, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl sowgatlaryny — täze kompýuterleri ruhubelentlik ýagdaýynda gowşurdylar. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Şa serpaýyna mynasyp bolan çagalar ýürek buýsanjyny, Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallygyny goşgy setirleri bilen beýan etdiler.