Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Çagalar we kitaplar dünýäsi
  08.11.2024
196
Çagalar we kitaplar dünýäsi

Çaga kitap okamagy öwretmek, onda okamaga höwes döretmek ata-eneleriň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň jana-jan borjudyr. Çagalaryň ilkinji durmuş endiklerini maşgalada ele alýandyklaryny nazarda tutsak, çagany kitap bilen tanyşdyrmakda, ondaky suratlar barada gürrüň bermekde, kitap okamagyň peýdasyny düşündirmekde ata-eneleriň orny uludyr. Olaryň bu wajyp işde kitaba gyzyklanma döretmekdäki goldawy çaganyň okamak meýliniň kemala gelmegini üpjün edýär. Çagalaryň maşgala agzalary bilen bolan gatnaşygy beýleki adamlara, zatlara we ýaşaýşa bolan garaýyşlarynyň, kabul edýän häsiýetleriniň we hereketleriniň basgançagyny emele getirýär.

 

Ýaşyna görä her gün, yzygiderlilikde hekaýa, erteki okap bermek bilen, çagalarda okamak endiginiň düýbi tutulýar. Öýde maşgala agzalarynyň hem çagalaryň peýdalanyp biljek ýerinde dürli temadan kitaplary özünde jemleýän kitap tekjesiniň bolmagy olaryň okamak endigini kämilleşdirýär. Kitaplaryň çagalaryň gyzyklanýan ugurlaryna, isleglerine görä, özleri bilen birlikde saýlanmagy olaryň okamaga bolan höwesini artdyrýar.

 

Çagalyk döwrüniň şahsyýetiň kemala gelýän döwrüdigi düşnükli hakykatdyr. Okamak bolsa sagdyn şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam edýär. Şunda ata-eneler we mugallymlar çagada okamak endigini kemala getirmekde we ösdürmekde gönüden-göni dahylly adamlardyr.

 

Çagalaryňyzyň okaýşyna hemişe gözegçilik edip, olary höweslendirip duruň!. Olara häli-şindi kitap sowgat bermek hem täsirlidir. Ol kitap okamaga höwesiniň ýokdugyny özüne kemlik bilmelidir. Umuman aýdanyňda, ata-eneleriň bu meselede çagasyna berjek goldawy onuň geljegine düýpli täsir edýär.

 

Häzirki döwürde bilim-ylym ulgamy döwrebap ösdürilýär. Kitaphanalaryň kitap tekjelerindäki ýaş aýratynlyklaryna görä saýlanyp goýlan dürli reňkli, özüneçekiji suratlar bilen bezelen kitaplardan başlap, mekdeplerdäki we ýokary okuw mekdeplerindäki kitaphanalar ýaşlaryň kitap okamaga bolan isleglerini kanagatlandyryp biljekdiginiň güwäsidir. Mundan başga-da, elektron kitaphanalar hem elýeterli bolup, bu görnüşli kitaplar çagalar üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

 

Okamaga, öwrenmäge ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Parahat ALLABERDIÝEWA,
Köýtendag etrap Dostluk şāher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.