Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çagalar — biziň geljegimiz
  31.05.2024
304
Çagalar — biziň geljegimiz

Her ýylyň 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda giňden bellenilip geçilýär. Däp bolşy ýaly her ýylyň 20-nji noýabry halkara derejesinde «Çagalaryň bütindünýä güni» diýlip yglan edilip, bu baýram ýyldan-ýyla  uly joşgun bilen garşy alynýar.  Bu gün çagalar üçin hereketiniň bütindünýä güni bolup, ol bilimsiz, goragsyz we öýlerinden göçmäge mejbur bolan millionlarça çagalaryň habarlylygyny artdyrmaga gönükdirilendir.

 

Çagalaryň parahat durmuşyny goramaklygy üpjün etmek we olara ýagty geljegi kepillendirmek maksady bilen 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Çagalaryň bütindünýä güni»  ykrar edildi. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek biziň her birimiziň esasy maksadymyz bolup durýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň hemmämiz üçin derwaýysdyr.

 

Çaganyň hukugy – bu adam hukugy diýmekdir. Bu hukuklar milletine, gelip çykyşyna, jynsyna garamazdan ähli çagalara degişlidir. Şahsyýet hökmünde sazlaşykly kemala gelmekleri üçin çagalaryň goldaw, söýgi, mähir bilen gurşalan jemgyýetde ýaşamagy zerur bolup durýar. Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan çagalara ylyma-bilime, şeýle-de parahat durmuşa elýeterliligi üpjün etmek ugrunda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.

 

Bütin dünýäde çagalaryň durmuşyny gowulaşdyrmaga gönükdirilen dürli çäreleri amala aşyrýan haýyr-sahawat fondlary hereket edýär. Ýalňyz çagalara kömek etmek üçin serişdeleriň ýygnalmagyna bu fond gözegçilik edýär.

 

Çagalary goramagyň halkara güni biziň ýurdumyzda hem giň geremde bellenilýär. Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanyp ýaşaýan bagtly çagalaryň ülkesi. Biziň ýurdumyzda çagalar üçin uly mümkinçilikler döredilýär, ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Goý, eziz ýurdumyzda çagalaryň gülki sesleri belentden-belent ýaňlansyn!.

 

Jemşit RUSLANOW,
rkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaş
yklary institutynyň talyby.