Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çaga – ömrüň dowamy
  01.06.2024
282
Çaga – ömrüň dowamy

Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň aýdyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyndan orun alýar.

 

Tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriň geçirilmegi şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç dörýär. Bu baýramçylyk körpe nesliň geljegi üçin ähmiýetli senedir. Halkymyzda «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýlip, örän jaýdar aýdylýan ýörgünli jümle bar. Çagalar — biziň nurana geljegimiz. Ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» ýaly parasatly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge hem döwlet derejesinde aýratyn uly ähmiýet berilýär.

 

Ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmagy, her gün özleri üçin nähilidir bir täzelikleri açmagy hem-de öz dostlary we maşgalasy bilen jebislikde ýaşamagy üçin döwletimiz tarapyndan atalyk alada edilýär.

 

Handöwlet ÖWEZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.