logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Bütindünýä Welosiped güni
  05.05.2023
1502
Bütindünýä Welosiped güni

Her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýäde Welosiped güni uludan bellenilip geçilýär. Bütindünýä  welosiped güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarpyndan 2018-nji ýylyň aprelinde yglan edildi. Bu yglan edilen baýramçylykda 56 ştat resminamanyň awtory boldy. Bütindünýä jemgyýetçiligi ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi belledi.

Welosiped 200 ýyl bäri meşhur bolan ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşidir. Dünýädäki ilkinji iki tigirli welosipediň Kama topragyndan bolan Efim Mihaýewiç Artamanowyň Pozwinskiý zawodynyň serfi tarapyndan oýlanyp tapylandygy aýdylýar.

Dünýäde welosiped sürmegiň doglan senesi 1868-nji ýylyň 31-nji maýdyr. Ilkinji 2000 metrlik welosiped ýaryşy Sankt-Peterburgyň etegindäki seýilgähde bolup geçdi. Tigirler ilkinji gezek döredilende Maýyp çagalar we aýallar üçin niýetlenip döredilen. Ondan soňra köp agyr harytlary daşamak üçin peýdalanylyp başlandy.

Häzirki wagtda tigir sürmeklik köp ýurtlarda meşhurdyr. Şeýle hem poçta hyzmatlary, lukman işgärleri oba ýerlerinde welosiped bilen hereket edýärler. Esasanda arzan transport bolanlygy üçin Aziýa ýurtlarynda has hem welosipedli gezmeklik meşhurdyr.

Ýewropa ýurtlarynyň arasynda iň bir «Welosipedi köp sürýän» ýurt Daniýa hasaplanýar. Ortaça ol ýurduň ýaşaýjylary bir ýylda 893 kilometre çenli aýlanýar. Ikinji orunda Gollandiýa (853) durýar.

Köp ýurtlarda welosipedler meşhurlygyň iň ýokary derejesine çykyp, käbir ştatlarda oňa «Milli bejeriş» serişdesi hökmünde garalýar. Welosiped - iň bir ekologiýa taýdan arassa ulag bolansoň, ony ulanmak daşky gurşawa hormat goýmaga, saglygy goramaga we sporty ösdürmäge öz goşandyny goşýar. 

 

Çary KULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.