Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni
  13.11.2024
129
Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni

Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni 1991-nji ýyldan bäri her ýylyň 14-nji noýabrynda bellenilýär. Bu kesel häzirki wagta çenli dünýädäki iň howply keselleriň biri hasaplanylýar. Bu sene Halkara diabet federasiýasy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan döredildi. 14-nji noýabryň Süýji kesele garşy göreşmegiň güni diýlip yglan edilmeginiň hem sebäbi bar. Şol günde insulini açanlaryň biri bolan lukman Frederik Banting dogulýar. Ýeri gelende bellesek, insulini açandygy üçin Banting Nobel baýragy bilen sylaglandy. Bir ýyldan soň alym süýji keseli bolan 14 ýaşly oglanjygyň ömrüni sanjym bilen halas etdi.

 

Süýji keseli aşgazanasty mäziň işläp çykarýan gormonynyň ― insuliniň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda bedeniň diňe uglewod çalşygy däl-de, eýsem, ýag we madda çalşygy hem bozulýar. Keseliň döremeginiň sebäbi ganda gandyň mukdarynyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär. Insuliniň ýetmezçiligi zerarly glýukozanyň myşsalara we bedene, ýag gatlagyna geçmegi kynlaşýar.

 

Süýji keseli adamyň horlanmagyna sebäp bolýar. Ol nesil yzarlaýjy häsiýetlidir. Bu bolsa süýji keseli bilen kesellemek howpuny ýokarlandyrýar. Bu görnüşde insuline bolan talap aşgazanasty mäziň işine bagly däl ýagdaýlar bilen düşündirilýär.

 

Süýji keseliniň iki görnüşi bar. Birinji görnüşli süýji keseliniň alamatlary, köplenç, duýdansyz ýüze çykýar, bu onuň has howply bolmagyna getirýär. Ikinji görnüşli süýji keseli aşa semiz we fiziki hereketsiz adamlar üçin häsiýetlidir. Bu ýagdaýda kesel alamatlary birinji görnüşe garanyňda, gowşakdyr. Kesel ýagdaýynyň 90%-i ikinji görnüşli süýji keseliniň paýyna düşýär.

 

Keseliň döremegine artykmaç agram, uzak dowam edýän degna dartgynlygy, bagyr keselleri, ýokanç keseller, hirurgiki operasiýalar sebäp bolýar. Şeýle-de alkogolly içgiler hem aşgazanasty mäze, bagra zyýan ýetirmek bilen, keseliň döremegine getirip bilýär. Kesel wagtynda bejerilmedik ýagdaýynda bedeniň dürli agzalaryna öz zyýanyny ýetirip, görejiň kütelmegine çenli eltip bilýär. Şol sebäpli näsag özüne ähli tarapdan gözegçilik etmelidir we bejergini wagtynda almalydyr. Haçan-da bejergi kadaly alnanda, we gözegçilik talabalaýyk bolanda, keseliň gowulaşyp, gandyň mukdarynyň azalmagyny gazanyp bolýar.

 

Sylap GURBANOW,
Türkmenabat şäher hassahanasynyň endokrinolog lukmany.