Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Bulary bilmek gyzykly...
  31.03.2023
1330
Bulary bilmek gyzykly...

Onsuz ösümlikler daşky temperatura jogap bermeýärler 

Temperatura şertleriniň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi bilen ösümlikleriň ösüş ýagdaýy hem üýtgeýär, mysal üçin ýokary temperaturada olar has uzyn bolýar (yssy ýerden gaça durmak we arassa howa almak üçin). Ýakynda geçirilen gözlegler munuň üçin ösümlikde miRNK molekulasynyň zerurdygyny ýüze çykardy. Şeýle hem gözleg haýsy miRNK-laryň iň möhümdigini kesgitledi. Gözlegiň netijesinde miRNK bolmasa ösümlikleriň, hatda ösüş gormonlarynyň bolan ýagdaýynda-da temperaturany ýokarlandyrsak-da olaryň ösmejekdigine göz ýetirildi. Gözlegçiler ownuk gül ösümligini alyp, miRNK derejesi pes bolan mutant görnüşlerini öwrendiler. Soňra geni «gysmak» arkaly temperaturany duýmak ukybyny dikeldip boljakdygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin genetiki synag geçirdiler. Şeýle hem alymlar topary iki esasy bölegi öz içine alýan ösümlikleriň temperatura täsirini beýan edýän maglumatlary toplady. Netijede temperaturany kesgitleýän molekulalar we ösümlikleriň ösmegine itergi berýän bolsa auksin gormonydyr. 

Näme üçin saç we dyrnak ösýär? 

Saçlar we dyrnaklar bedeniň beýleki bölekleri ýaly öýjüklerden durýar. Ýöne bu öýjükler diri, duýgur bolup, gorag funksiýasyny ýerine ýetirýär. Saç we dyrnak döwlende ýa-da kesilende agyry duýmaýan öli öýjüklerden emele gelýär. Ýöne janly däl öýjükler nädip ösüp biler diýen sorag ýüze çykýar?

Aslynda her saçyň we her dyrnagyň düýbünde öýjükleriň diri we işjeň bölünýän ösüş zolagy bar. Bu öýjükler köp sanly düzümli belok keratini öndürýärler. Keratin güýçli, çeýe, suw geçirmeýän belokdyr, öýjügiň bölekleriniň biri-biri bilen «aragatnaşyk saklamagyna» rugsat bermeýär we bu öýjügiň ölmegine sebäp bolýar. Ösüş zonasynda emele gelen täze öýjükler ölen öýjükleri öňe itekleýär we netijede saç ýa-da dyrnak ösýär. 

Dyrnagyň we saçyň ösmegi birmeňzeş bolsa-da, näme üçin olaryň üýtgeşik gurluşy bar? Dyrnak giň, tekiz we gaty, saçlar inçe we çeýe bolmagy nädip başarýar? 

Dyrnagyň ösüş zolagyna matrisa diýilýär we ol dyrnagyň düýbünde deriniň aşagynda ýerleşýär. Ol uzyn we galyň, şonuň üçin giň we galyň dyrnak plastinkasy ösýär. Dyrnakdaky öýjüklerde ýag we suw gatlaklary bolup, ol gatlaklara bölünýär. Käbir kesellerde dyrnagyň gurluşy bozulýar we çişip başlaýar.

Saçlar follikula diýilýän kiçijik, tegelek haltajykda ösýär we şonuň üçin uzyn, inçe we kesişýän tegelek bolýar. Saçyň gurluşy birmeňzeşdir. Olaryň daşky bölegi bolýar. Eger ol öýjükler berk gysylsa, saçlar tekiz we ýalpyldawuk görünýär, eger-de giňelse, saçlar reňksiz we öwüşginsiz görünýär. Daşky örtügiň aşagynda saçyň gurluşyny goldaýan uzyn öýjüklerden ybarat korteks ýerleşýär. Onda saçyň reňkini berýän pigment melanin bar. Saçyň ortasynda medulla ýerleşýär. Ol belli bir gurluşsyz, ýumşak öýjüklerden we olaryň arasyndaky boşluklardan durýar. Käbir saçlarda bu gatlak dürli sebäplere görä ýok bolup hem bilýär. 

 

Gülbahar ATDAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.