«Buker» baýragy ilkinji gezek 1969-njy ýylda gowşurylypdy. Bu baýraga islendik ýazyjy özüniň iňlis dilindäki romany bilen gatnaşyp bilýär. Ýöne kitabyň Birleşen Korollykda ýa-da Irlandiýada çap edilen bolmagy hökmanydyr.
Buker baýragynyň eminleri 2024-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragyna hödürlenýän eserleriň gysga sanawyny yglan etdi. Oňa alty eser girdi, olaryň bäşisi aýallar tarapyndan ýazylan. Baýraga dalaş edýän eserler:
- "Jeýms" - Persiwal Eweretti Ýaradyjy köl" (“Озеро творения”)
- Reýçel Kuşner "Orbitada"
- Samanta Harwi" Saklamak"
- Ýael wan der Wuden" "Daş haltadaky doga"
- Şarlot Wud" Meniň elimde"
- Enn Maýkls "Niderlandly"
Ýael wan der Wuden öz ýurdundan Buker baýragynyň gysga sanawyna düşen ilkinji ýazyjy boldy.
Samanta Harwi we Persiwal Ewerett gysga sanawa ikinji gezek düşdüler. Bu ýyl baýrak almak ugrunda dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýazyjylar tarapyndan neşir edilen iňlis dilindäki 156 kitap bäsleşdi. Uzyn sanawa 13 eser girdi. Buker baýragynyň ýeňijisi 12-nji noýabrda yglan ediler. Bu ýyl baýrak eýesi 50 000 funt sterling alar. Baýrak 56-njy gezek gowşurylar.
Döwletgeldiýew Dawut
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby. TKA-nyň talyp hakynyň eýesi