Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Buhgalter hasaby we audit barada düşünje
  30.03.2023
3248
Buhgalter hasaby we audit barada düşünje

Beýleki ugurlar bilen birlikde, buhgalter hasabynyň hem öz döreýiş taryhy bolup, ol IV asyra degişlidir. Buhgalter hasabynyň emele gelmegi adamzat jemgyýetiniň dürli zerurlyklary we olaryň hojalyk durmuşy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Wagtyň hem döwürleriň geçmegi bilen jemgyýetçilik durmuşynyň barha kämilleşmeginiň netijesinde buhgalter hasabymyň metodologiýasy hem üýtgeşmä eýe boldy. Puluň ýüze çykmagy bilen emele gelen ýönekeý buhgalteriýa Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen gadymy türkmen topragymyza aralaşypdyr. Muňa gadymy Nusaýda, Merwde, Amulda söwda gatnaşyklarynyň ösmegi uly itergi beripdir. Buhgalter hasabynyň döremegi, onuň kämilleşmegi Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynda barha pajarlap ösüpdir. Dünýä halklarynyň özara hyzmatdaşlygy üçin söwda we medeni ugurlarda Beýik Ýüpek ýoly özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän ykdysady şahsyýetleriň maliýe hasabatyny we buhgalter hasaba alnyşynyň resminamalaryny amal etmek, auditor hyzmatlaryny amala aşyrmak bilen bagly işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Buhgalter hasaby bilen bir hatarda audit düşünjesi hem köp ulanylýar. Bu ugurda zähmet çekýänlere auditorlar diýilýändigi ählimize mälim bolsa gerek. Auditor «audio» diýen latyn sözünden gelip çykyp, diňleýän, öwrenýän diýen manyny berýär. Auditor bu kärhananyň belli bir döwründäki maliýe hojalyk işiniň ýagdaýyny barlaýan şahsyýetdir. Auditiň gelip çykan ýeri Angliýa hasaplanylýar. Audit diňe bir maliýe görkezijileriň dogrulygyny barlamagy üpjün etmän, hojalyk işiniň çykdajylaryny optimizirlemek we peýdany artdyrmak maksady bilen ony amatlaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamaklygy hem üpjün edýär. Auditiň wezipesi kärhananyň maliýe-hojalyk işini we hasaba alşynyň dogrulygyny jikme-jik barlamakdan ybarat bolup durýar. Türkmenistanda auditorlyk işine döwlet ygtyýarnamasyny bermeklik 1994-nji ýylda ýola goýlup başlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen işlere uly ähmiýet berilýär. Bu hünärde bilim alýan ýaşlar şulary ýerine ýetirmegi başarmalydyr: 

alan hünärine laýyklykda kärhanalarda we guramalarda buhgalter hasabyny, içerki auditi, maliýe gözegçiligi we barlagy guramaklygy we amala aşyrmaklygy;

- hasap işleriniň paýhaslylygyny üpjün etmegi we alnan maglumatlaryň ynamdarlygyny barlamagy;

- pul, maliýe serişdeleriniň we maddy gymmatlyklaryň harçlanyşynda kanunçylygyň berjaý edilişini barlap durmaklygy;

- pudagyň kärhanalarynda buhgalter hasabynyň guralyşyny we ýörediliş tehnikasyny barlamaklygy;

- dürli maliýe-ykdysady gulluklarynyň analitiki işlerini sazlaşdyrmagy we hojalyk hasaplaşygyny we döwlet düzgün-tertibini berkitmek boýunça çäreleri amala aşyrmagy;

- ykdysady maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan işlenişiniň wezipelerini, meselelerini düzmegi;

- hasap-ykdysady we auditerçilik işleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça özbaşdak çözgütleri kabul etmegi;

- özbaşdak auditerçilik işlerini geçirmegi.
 

Elbetde, bu ugurda şeýle başarnykly ýaş hünärmenleriň kemala gelmegi bolsa, eziz ýurdumyzda bu ugry döwür bilen aýakdaş ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizi barha kuwwatlandyrmaga şert döredýär. 

 

Irada MÄMMEDOWA,

Baýramaly agrosenagat orta 
hünär okuw mekdebiniň 
mugallymy.