Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bu ajap döwletli döwür – mertebämiz hem ykbalymyz!
  29.03.2023
756
Bu ajap döwletli döwür – mertebämiz hem ykbalymyz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletli döwranyň goýnunda ata Watanymyzyň, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine gönükdirilen möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly täsir edýär. Ösüşleriň täzeçil usullaryny ýola goýmak, pudaklaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär, öňdebaryjy kämil tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Telekeçilik ulgamynda hem täze önümçilikleri döretmek, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de hususy işewürligi höweslendirmek möhüm talapdyr. Bular bilen birlikde, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky meselelere hem aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda alyp barmak, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýurdumyzyň senagat toplumynyň, energetika ulgamynyň, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işiniň depginini ýokarlandyrmak, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek hem-de peýdalanmak, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, biodürliligi gorap saklamak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň ugurlary kesgitlendi. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzy syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ata Watanymyzy rowaçly ösüşlere besleýär.

Ýurdumyzyň gurluşyk pudagy hem barha öňe ilerleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelýän, döwrüň döwrebap şäheri – Arkadag şäheri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl, medeniýetimiziň, milli ýörelgelerimiziň beýik ösüşlerini dabaralandyryp, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Arkadag şäherinde täzeçil usullarda ähli amatlyklary bolan döwrebap şertleriň döredilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle-de himiýa senagatynyň ösdürilmegine, pudagyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, ugurdaş kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, öndürilýän önümleriň görnüşini giňeltmäge, täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, himiýa önümçiligini ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge uly üns berilýär. Senagatyň dürli pudaklarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümi bolan tehniki uglerody öndürýän zawod açyldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de Türkmenistanda öndürilýän eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ugurdaş desgalary yzygiderli bina etmek göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi bolsa öz gezeginde, döwrümizi ösüşleriň batly ýoly bilen öňe tarap alyp gitmäge, bagtyýar hem abadan durmuşy amal etmäge ýol açýar. 

 

Resulbek AŞYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.