Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Brokkoli hakynda täsirli maglumatlar
  20.03.2023
886
Brokkoli hakynda täsirli maglumatlar

Brokkoli özüniň baý düzümi sebäpli iň sagdyn gök önümleriň biri hasaplanylýar. Maglumatlara görä, hatda 2000 ýyl ozal alymlar bu görnüşdäki kelemiň ulanylyş aýratynlyklaryna ünsi çekipdirler. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde 200-e golaý brokkoli görnüşi belli bolup, şolardan diňe 6-sy medeni ýagdaýda ösdürilip ýetişdirilýär. 

- Brokkoli – «broccoli» diýen italýan sözünden bolup, «gülleýän kelem baldagy» diýmegi aňladýar. Latynça ady bolsa «brachium – şaha».

- Heniz doly mälim bolmanka, brokkoli köp ýyllap «italýan asparagusy» diýlip atlandyrylypdyr.

- Brokkoli hakynda ilkinji taryny çeşmeler I asyra degişlidir. Meşhur rim alymy Pliniý bu gök önümi «mübärek ösümlik» diýip atlandyrypdyr. Rimden soň, brokkoli gadymy Gresiýada 2000 ýyl gowrak mundan ozal belli bolupdyr. Birnäçe asyr geçensoň, brokkoli Türkiýa gelip ýetipdir we ol ýerden bütin dünýä ýaýrapdyr.

- 100 gr brokkoli özünde bary-ýogy 34 kkal energiýa saklaýar. Şol sebäpli ol horlanmak üçin peýdalydyr we köplenç berhizlik hökmünde ulanylýar. Ondaky kaliý suwuň düzümini kadalaşdyrýar, mis bolsa birleşdiriji dokumalary maýyşgak edýär, sink bolsa erkin radikallardan goraýar.

- Brokkoliniň iň köp öndürijisi Hytaýdyr. Şeýle hem bu kelem Hindistanda, Ispaniýada, Fransiýada, Italiýada, Türkiýede we Ysraýylda köp mukdarda ösdürilip ýetişdirilýär.

- Brokkoli holesteriniň «duşmanydyr». Brokkoli holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýär, sebäbi onuň bedendäki ýaglary aýyrmak ukyby bar. Şeýle-de ol siňip bilýän belogy öz içine alýar we aşgazan asty mäziniň membranasyny güýçlendirýär, olary aşgazan asty fermentleriniň ýok ediji täsirinden goraýar.

- Brokkoli tohumlary ýag taýýarlamak üçin ulanylýar. Onuň ýagy saçyň sagdynlygyny, öwüşginliligini we çeýeligini dikeltmäge kömek edýär. Köplenç ýag saçlara ýapgy ​​hökmünde ulanylýar.

- Brokkoli beden üçin zerur witaminleriň hemmesini diýen ýaly öz içine alýar. Onda A, B witaminleriň tutuş topar diýen ýaly, C, E, K, PP, U bar. Mundan başga-da, düzüminde magniý, fosfor, marganes, ýod, kalsiý, kaliý, natriý, hrom, demir, selen, aminokislotalar bar.

- ABŞ-nyň ýaşaýjylary her ýylda 76 000 tonna brokkoli iýýärler. Sosiologiki gözlegler, ýurduň ilatynyň 79%-niň brokkoli gowy görýändigini görkezdi.

- Brokkoliniň çagalar üçin hem peýdalary uludyr. Ol çagalar üçin iň sagdyn gök önümlerden biridir. Bu gök önüm çaganyň immunitetini goldaýar, nerw ulgamyň işleýşini kadalaşdyrýar. Ene süýdi bilen iýmitlenmeden soň, brokkoli iň oňat ilkinji iýmit hasaplanýar. Kelemiň bu görnüşi, çagada ýokanç keselleriň döremek howpuny azaldýar. Mineral düzümi sebäpli süňkleriň ösmegini üpjün edýär. 

 

Sadokat ALLAKULIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.