Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Arkadag şäheri – geljegiň şäheri ✦ ✦ Hukuk medeniýetini ösdürmek — döwrüň talaby ✦ ✦ Magtymgulynyň edebi mirasyna sarpa ✦ ✦ BMG – Türkmenistan: ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykarylýar ✦ ✦ Uzak ýaşaň Arkadag! - Toýly Jänädow ✦ ✦ Bir gektar ýerdäki ösümlikler näçe kislorod öndürýär? ✦ ✦ Ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşy ✦ ✦ Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri ✦ ✦ 1 million tonnadan gowrak bugdaý Watan harmanyna tabşyryldy ✦ ✦ Gallam bar — tyllam bar ✦
Baş sahypa / Syýasat /BMG – Türkmenistan: ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykarylýar
  02.07.2024
37
BMG – Türkmenistan: ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykarylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly, parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty esasynda Bitarap Watanymyz Türkmenistan  dünýädäki ençeme döwletler bilen, şeýle-de , Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygy ýaly birnäçe halkara guramalar bilen dostlukly diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan döwletimiziň  halkara giňişliginde iň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hem milletleriň dünýä bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasydyr. Türkmenistan döwletimiz 1992-nji ýylyň 2-nji martynda bu abraýly halkara guramanyň agzasy doly hukukly agzasy boldy. Şol ýylda hem BMG-de Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy açyldy. 1994-nji ýylda bolsa Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasy açyldy. Şol döwürden başlanyp hem ýurdumyzyň bu iri, abraýly halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidildi.  1995-nji ýylyň 12-nji dekabrnda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, 2015-nji ýylda bolsa bu Kararnamanyň gaýtadan dünýä bileleşigi  tarapyndan gaýtadan goldanylmagy döwletimiziň daşary syýasatynyň taryhynda möhüm waka boldy. Ýurdumuzyň bu halkara bileleşige agza bolan gününden bäri ençeme gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise – başlyklgyna saýlanyldy. Mundan başga-da ýurdumyz bu guramanyň abraýly düzümlerine – BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça (UN-WOMEN) Ýerine Ýetiriji geňeşiniň düzümine we beýlekilere ençeme gezek saýlanyldy. 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyz Aşgabatdaa BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm taryhy waka boldy. Türkmenistan döwletimiz bu abraýly halkara gurama bilen alyp barýan ygtybarly, dostlukly, parahatsöýüjilikli gatnaşyklayna uly ähmiýet berýär. Bitarap ýurdumyzyň dünýäde ilkinjileriň biri bolup, Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejä laýyklaşdyryldy hem-de häzir Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

 

Her bir güni toýdur baýramlara beslenýän «Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň umumadamzadyň parahat durmuşyna gönükdirilen başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldaw tapýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Metbugat sekretary Stefan Dýujarrikiň 28-nji iýunda Nýu-Ýorkda geçirilen brifinge beren maglumatyna laýyklykda, guramanyň Baş sekretary Antonio Guterriş 2024-nji ýylyň 29-njy iýuny we 7-nji iýuly aralygynda  Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolýar. Saparyň dowamynda Antonio Guterriş 4-nji iýulda Astanada geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar. Baş sekretar saparyň çäklerinde Bitarap Watanymyz Türkmenistana hem geler. Saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklar dostlukly, parahatsöýüjilikli, netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarar.

 

Aýmyrat MUHAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň institutynyň I ýyl talyby.