Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik wekilhanasynyň täze binasynyň açylyşy dabarasy
  09.07.2024
326
BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik wekilhanasynyň täze binasynyň açylyşy dabarasy

6-njy iýulda Aşgabada saparynyň barşynda jenap Guterriş BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine baryp gördi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna baryp gördi we şol ýerde guramanyň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň işgärleri bilen duşuşdy hem-de BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

 

Bu dabara ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar.

 

Dabaranyň dowamynda abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ýurdumyzyň Hökümetine hemmetaraplaýyn kömegi we işe berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň şu gezekki sapary hem-de geçirilen gepleşikler netijeli köpýyllyk gatnaşyklary giňeltmegiň, ony ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir.

 

Gülälek ILAMANOWA,
Baýramaly etrabynyň 2-nji orta
mekdebiniň mugallymy.