logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Bitaraplyk - parahatçylygyň belent owazy
  12.12.2022
887
Bitaraplyk - parahatçylygyň belent owazy

Garaşsyz hem Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli parahatçylyga ýugrulan Bitaraplyk taglymaty bütin dünýäde ynsanperwerligi, asudalygy hem erkanalygy, dost-doganlygy, özara köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan milli gymmatlykdyr. Türkmen Bitaraplygynyň belent derejesi onuň şanly sene bolan «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde bellenilmegi aýdyň subutnamadyr. Eziz Watanymyzyň toýdur baýramlarynyň üstüni ýetirýän Halkara Bitaraplyk gününiň joşgunly dabaralary watandaşlarymyzyň, bagtyýar ýaşlaryň göwünlerini galkyndyryp, uly şatlyk, hyjuw bilen bellenilýär. Bu baýramyň belent joşguny ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap almak bilen, mähriban halkymyz bu baýramy üstünlikli garşylaýarlar.

Diýarymyzda adam hakynda edilýän döwlet derejesindäki aladany her ädimde duýup ýaşaýan halkymyz dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan belent tutumlaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bu bolsa Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejede bellenilýän şanly senesiniň gymmatyny has-da artdyryp, döwletimiziň halkara hukuk derejesiniň esasynda geçen 27 ýylyň dowamynda amala aşyrylan halk bähbitli beýik tutumlar dogrusynda uly buýsanç bilen ýatlamaga esas döredýär.

Bitaraplyk taglymaty – dünýäniň ýurtlarynyň abadançylygyna, halklaryň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagyna, tutuş adamzadyň bagtyýar geljegine gönükdirilen belent taglymatdyr. Bitaraplyk – parahatçylygyň, hoşniýetliligiň dünýä dolan belent owazydyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatymyz ýurdumyzda, sebitde we bütin dünýäde asudalygyň giňden wagyz edilmegine zerur ähmiýet berýär. Ol howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup hyzmat etmek bilen, halkara ykdysady we syýasy işleriň oňyn ösüşine täsir edýän möhüm ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýär.

Goý, tutuş dünýä ýüzüne parahatçylygyň jarçysy bolup ýol salýan hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiz mundan beýläk hem dabaralansyn! Baýramyňyz gutly bolsun! 

 

Aýgül GURTJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.