logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Politics /Bitaraplyk bilen galkynýar Diýar!
  12.12.2022
1212
Bitaraplyk bilen galkynýar Diýar!

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da durma­gyn­da eziz Watanymyz be­dew bat­ly ösüş­le­ri nazarlap, batly ga­dam­lar bi­len öňe bar­ýar. Ähli ugurlar babatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ajaýyp döwrümiziň ýaraşygydyr. Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň berk bin­ýa­dy bo­lan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň dünýä derejesinde yk­rar edil­me­gi ýurdumyzda alnyp barylýan hoş­ni­ýet­lilige ýugrulan ýö­rel­ge­le­riň dünýä ýüzünde dabaralanýar. Muňa 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy tarapyndan «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» hak­ynda Re­zol­ýu­si­ýanyň ka­bul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu taryhy waka hal­ka­ra derejesinde ýurdumyzyň ga­za­nan uly sy­ýa­sy üs­tün­lik­le­ri­niň bi­ri­dir. Döwletimiziň Bi­ta­rap­ly­gy hä­zir­ki za­ma­nyň äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­daky wezipeleri ýola goýmakda möhüm gu­ra­la öw­rül­di. Ata Watanymyzyň dün­ýä ýüzün­de ta­nal­ma­gyn­da, onuň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gin­de uly ab­raý­dan peý­da­lan­ma­gyn­da hemişelik Bi­ta­rap­ly­gymyzyň äh­mi­ýe­ti diýseň ulu­dyr. Bi­ta­rap­lyk derejämiz mazmuny boýunça oňyn Bitaraplyk bolup, ol pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy ber­kit­mä­ge, hoşniýetli goňşuçylygy dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýurdumyzyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň möhüm ug­ry, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na öňe sür­ýän tek­lip­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň gol­da­wa eýe bol­ýar. Döwletimiziň ýöredýän Bi­ta­rap­lyk syýasaty türk­men döw­le­ti­niň ta­ry­hy ösüş­le­ri­ne hem-de mil­liligine, aň-dü­şün­je­si­ne laýyk gel­ýän­di­gi­ni alamatlandyrýar. Hemişelik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne esaslan­ýan döw­le­ti­miz pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dostanalygyň beýik nus­ga­sy­ny bü­tin dün­ýä ýaý­ýar. Bu ugurda dünýä bähbitli, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li en­çe­me iş­ler ama­la aşy­ryl­yp, döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty ösü­şiň täze de­re­je­si­ne çykýar. Bu günki gün eziz Watanymyz bag­ty­ýar­ly­gyň, abadançylygyň hem parahatçylygyň me­ka­ny hök­mün­de dünýä ýüzünde ta­nal­ýar.

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­yň bagtyýar günlerinde ýur­du­myz baý­ram­çy­lyk ly­ba­sy­na bes­len­ýär. Çünki bu gün ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýy uludan toýlanylýar. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, Bitarap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi hal­ka­ra de­re­je­sin­de ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri, möhüm başlangyçlary bi­len ös­dür­ýän Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bähbit­li beýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Miwe NURYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary 
kafedrasynyň mugallymy.