Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplygyň türkmen nusgasy: oňyn, işjeň hem çäksizdir
  20.09.2024
155
Bitaraplygyň türkmen nusgasy: oňyn, işjeň hem çäksizdir

Garaşsyz, Baky Bitarap  Türkmenistan goňşy halklar bilen oňyn hyzmatdaşlyk, köpugurly gatnaşyklary ýola goýmak bilen bir hatarda howpsuzlygy we durnukly ösüşi hem baş maksat edinýär.  Türkmenistan diňe bular bilen hem çäklenmeýär. Çünki ol, daşary syýasatyň  strategiýasynyň  üstünlikli durmuşa geçirilmegine, iri halkara başlangyçlaryň öňe sürülmegine özara deňhukukly gatnaşyklaryň bähbitlerini mazmun taýdan  pugtalandyrýandyr. Bitarap Türkmenistan sebitde we global ölçegdäki  meselelerde özüniň parahatçylykly ýörelgelere esaslanýandygyny öz çemeleşmelerinde aýdyň görkezýär. Ýagny, Türkmenistan sebitde  parahatçylygy we  durnukly ösüşi ýola goýmakda  Gündogar-Günbatar, Demirgazyk-Günorta üstaşyr-ulag infrastruktura taslamasynyň transkontinental geçelgeleriň döredilmegi, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, suw-energetika meselesiniň üstünlikli amala aşyrylmagy ýaly möhüm ugurlarda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi ýöne ýerden däldir. Muňa mysal edip, Beýik Ýüpek ýoluny dowam etmek maksady bilen amala aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan–Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň  iri taslamanyň gurluşyk işleri maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Türkmenistan suw-energetika meselesinde-de  Araly halas etmegiň oňyn çözgütlerini tapmaga hem-de Hazarýaka döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň parahatçylykly çözülmegi ugrunda-da uly  döwrebap işleri amala aşyrýar. Türkmenistan goňşy döwletler bilen hem özara bähbitli  hyzmatdaşlyklara we önjeýli gatnaşyklaryň pugtalanmagy şeýle-de giňelmegi esasynda alnyp barylýan işlere  uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurduň daşary söwda  gerimi has-da giňelýär. Ýurdumyzda dünýäniň  105 döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýuldy. Bu görkezijiler bolsa  elbetde, garaşsyz döwletimiziň günsaýyn ösýänliginiň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisinde eden çykyşynda halkara howpsuzlygynyň  barha ösýän derwaýyslygyny  nygtamak bilen bu babatda bitaraplyk syýasatynyň hem-de onuň Milletler Guramasy derejesinde goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi. Milli Liderimiz özüniň çykyşynda, Tükmenistanyň garaşsyzlygyň ilki başyndan başlap BMG-niň ideýalaryny kabul edenligini, sebäbi olaryň biziň döwletimiziň halkara jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklaryna bolan garaýyşlaryna doly gabat gelýänligini nygtady.  2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň täze oňyn mümkinçilikleriniň açylýandygyny subut etdi.  Bu Rezolýusiýada Türkmenistanyň yzygiderli we netijeli alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasynyň wajyp ähmiýete eýedigi aýratyn aýdylmaga mynasypdyr. Hemmamize mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky kabul eden Rezolýusiýasynyň ähmiýeti örän wajypdyr. 2015-nji ýylda bolsa, BMG-nyň Rezolýusiýasy bilen ikinji gezek ykrar edildi. Türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligi hökmünde 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň BA-nyň 71-nji sessiýasynda 12-nji dekabr “Halkara bitaraplyk güni” diýip yglan edilmegi halkara gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli waka bolup we dünýäde durnuklylygy saklamakda Bitaraplygyň örän uly ornunyň ykrarnamasy boldy.

 

Bitaraplygymyz bize Garaşsyzlyk bilen birlikde  ähli üstünliklerimiziň  esasy mizemez daýanjy hökmünde çykyş edýär.  Türkmenistanyň  Bitaraplyk syýasatynda  döwletiň bähbitleri, halkyň abadançylygy, ýurduň bitewiligini goraýan bolsa, daşary syýasatda goňşy halklar bilen deňhukuklylygyň, goňşuçylygyň we birek-birege ynamyň hem-de hormatyň mizemez ýörelgeleri esasynda,  dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlyga  hem-de kämilleşigiň  ýagty ýoluna tarap aýdyň ýol açýar.

 

Nurana ALIÝEWA,
Türkmen döwlet oba hojalyk institutynyň
Agranomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.