Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplygyň rowaç gadamlary
  10.12.2022
394
Bitaraplygyň rowaç gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde her bir günümiz ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň wekilleriniň goldamagynda Türkmenistan Bitaraplyk hukugyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Milletler Bileleşigi ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy baradaky Kararnamany ýene-de bir gezek tassyklady. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklip etmegi esasynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge goşýan mynasyp goşandynyň ählumumy derejede ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.

Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji häsiýetiniň, goňşular we beýleki döwletler bilen birek-biregi hormatlamaga, ynam etmäge, özara ýardam bermäge, dostlukly, agzybir, ylalaşykly ýaşamaga çalyşmagynyň beýanydyr. Türkmenistan Bitaraplyk derejesini gazanmagy bilen, birnäçe borçnamalary üstüne aldy. Ýurdumyz umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny saklamak, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly beýik işleri ýerine ýetirýär. Bitaraplyk derejesi deňhukukly özara hormat goýujylyk hem-de beýleki döwletleriň içki syýasatlaryna gatyşmazlyk bolup durýar.

Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň netijesinde, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyz häzire çenli dünýäniň 140-dan gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalaryň onlarçasynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda, halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň hem ýüzlerçesine gatnaşýar. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebitleriniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürilýär.

Goý, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Guwanç MERETJÄÝEW, 

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň mugallymy.