logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Bitaraplyga bagyşlanan ýaryş
  21.11.2020
1278
Bitaraplyga bagyşlanan ýaryş

      2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-ne, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň we Bäherden etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde gurnamagynda, etrabyň sport mekdebinde   “Bitaraplyk baýramyna” bagyşlanyp etrabyň edara kärhanalarynyň  arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

      Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli berk bedenli, sagdyn ruhly edip ýetişdirmek baradaky tagallalardan ugur alyp geçirlen bu ýaryş, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmagy, güýçli toparlary ýüze çykarmagy hem-de höweslendirmegi maksat edindi.  Şoňa göräde bu ýaryş diýseň çekeleşikli geçdi. Onuň netijesinde iň güýçli toparlar öňe saýlandy. Şeýlelikde etrap Polisýa bölüminiň işgärlerinden düzülen topar 1-nji orna, Sport mekdebiniň türgenleri 2-nji orna, “Bäherdenagyzsuw” müdirliginiň işgärlerinden düzülen topar bolsa 3-nji orna mynasyp boldular.

Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Bäherden etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.