Ata Watanymyzda bagtyýar körpeleriň döwrebap sowat öwrenmegi, göwnejaý dynç almagy, sagdyn ösdürilmegi, milli ruhda terbiýelenmegi babatda uly aladalaryň edilýän zamanasynda döredijilik ugurly dürli bäsleşikleriň guralmagynyň ýokary ähmiýeti bardyr. Şolaryň biri-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralandyrylýan günlerinde ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Bitarap Watanyň körpe nesli biz!» diýen at bilen surat çekmek boýunça bäsleşigidir.
Çagalary milli ruhda terbiýelemek, olarda watançylyk duýgularyny ösdürmek, şekillendiriş sungatyna höwesi ýokarlandyrmak we zehinli körpeleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek baýramçylyk bäsleşiginiň esasy maksady bolup durýar. Şunda olaryň işlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelenmegi, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinleriniň ýüze çykarylmagy babatda alnyp barylýan işler, ýaş nesliň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlary giňden beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bitirilýän asyrlara barabar işler bilen älem içre tanalýan eziz Watanymyz asudalygyň, parahatçylygyň nusgasy bolup, äleme ýaň salýar. Asyrlaryň dowamynda parahatsöýüjilik ýörelgeleri bilen yklymda tanalan ýurdumyz dünýä halklaryny dost-doganlyga, agzybirlige, parahatçylygy pugtalandyrmaga çagyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýä ýüzünde parahatçylyksöýüji, ynsanperwer döwlet hökmünde tanalýar. Sebitiň ykrar edilen parahatçylyk dörediji we iri medeni merkezi bolan Watanymyzda geçirilýän dürli halkara forumlar, festiwallar, maslahatlar hem ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilik mekanydygyny subut edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Sungatyň güýji adamlary parahatçylyga, dostluga çagyrýar» diýip nygtaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Watanyň körpe nesillerini mynasyp ýetişdirmek, olary ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek ugrunda şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, ýurdumyzda asudalygy, bagtyýarlygy rowaçlandyrýan Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim-terbiýeçilik işgärleri hökmünde egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Dilaram URAKOWA,
Daşoguz şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.