Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ynsan kalbynyň nury kitap ✦ ✦ “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar! ✦ ✦ Bitarap Türkmenistanyň şanly menzilleri ✦ ✦ Arkadag şäheri — bagtyň nury ✦ ✦ Iň ýaş botanika baglary ✦ ✦ Dokma önümçiligi: Aýratyn Sungat ✦ ✦ Dünýäniň iň uly gidrostansiýasy ✦ ✦ Iň uly akwarýumlar nirede ýerleşýär? ✦ ✦ Oňyn hyzmatdaşlygyň binýady – suw diplomatiýasy ✦
Baş sahypa / Syýasat /"Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary" atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli halkara maslahat geçirildi
  01.11.2024
231
"Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary" atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli halkara maslahat geçirildi

31-nji oktýabrda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda "Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary" atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli halkara maslahat geçirildi.

 

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu halkara çärede Milletler Bileleşiginiň ýokary edarasy bolan Baş Assambleýanyň kabul eden täze çözgüdiniň halklaryň arasynda parahatçylygy, ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde ygtybarly serişdeligi dogrusynda birnäçe çykyşlar edildi.

 

Şeýle hem geljek 2025-nji ýylyň aprel aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu Ýork şäherinde geçiriljek II dostluk oýunlaryna Merkezi Aziýa bilen bilelikde Türkmenistanyň hem gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirilýändigi dogrusynda aýtdylar. Biziň ýurdumyz sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekde häzirki günlerden başlap önjeýli iş alyp barýar. Muny bolsa köpçülikleýin saglyk ýoluna çykmak, welosiped sürmek çärelerinde aýdyň görmek bolýar.

 

Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw jaýynda geçirilen bu halkara maslahat özüniň derwaýyslygy bilen tapawutlanyp, ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan sporty ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi.

 

Aýperi Akmyradowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.