Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Ilon Mask: bir sagatdan az wagtyň içinde dünýäniň islendik nokadyna ✦
Baş sahypa / Syýasat /Birleşen Milletler Guramasynda adam hukuklary
  24.07.2024
290
Birleşen Milletler Guramasynda adam hukuklary

Ýetmiş sekiz ýyl mundan öň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy adamyň esasy hukuklaryna, mertebesine  we şahsyýetiň gymmatlyklaryna, erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklaryna  bolan ynamyny tassyklady. Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy şol hukuklary has takyk kesgitledi hem-de esasy hukuklary we azatlyklary üpjün etmek isleginde dünýä ýurtlarynyň liderleriniňnwadasyna öwrüldi. Häzir halkara hukugy 73 ýyl mundan öňki bolan ýagdaýyndan düýpli tapawutlanýar. Ikinji jahan urşy tamamlanandan soň adam hukuklary babatda kadalaryň ornaşdyrylmagyna we amala aşyrylmagyna üns berlip başlandy.  Adam hukuklary boýunça halkara şertnamalarynyň hem-de 1945-nji ýyldan  soň kabul edilen beýleki gurallaryň birnäçesi adam hukuklaryna ýuridiki görnüşi çaýdy hem-de halkara hukugyny hasda ösdürdi. BMG-niň agza-döwletleriniň köpüsi adamyň esasy hukuklaryny goraýan konstitusiýalary we kanunlary kabul etdiler. Halkara şertnamalarynyň we adaty hukugyň adam hukuklary babatda halkara hukugynyň esasyny düzýän bolsa, halkara derejesinde kabul edilen jarnamalar, esasy ýörelgeler oňa düşünmäge,  onuň ornaşdyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam edýär. Adam hukuklaryna goýulýan hormat kanunyň hökmürowanlygynyň milli we halkara derejelerinde kesgitlenmegini talap edýär. 

 

Türkmenistan BMG-niň agzasy bolmakbbilen adam hukuklaryny hormatlamak we ileri tutmak boýunça borçnamasyny üstüne aldy hem-de BMG bilen hyzmatdaşlygy daşary syýasatynda esasy ugur hökmünde kesgitledi. BMG we Türkmenistanyň Hökümeti adam hukuklary babatda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk  taryhyna eýedirler. Ol BMG-niň adam hukuklary boýunça gurallary bilen gatnaşyklara goldaw berilmegini, ýurtda adam hukuklarynyň bäş sany merkezini döretmek arkaly adam hukuklary barada jemgyýetiň bilimini artdyrmagy, hereket edýän kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegini hem-de täze kadalaşdyryjy namalaryň kabul edilmegini, şol sanda hukuk goraýjy gurallaryň maslahatlary  esasynda adam hukuklary babatda hereketleriň meýilnamalarynyň işlenip taýýýarlanylmagyny öz içine alýar. Şol başlangyçlaryň agramly bölegi Türkmenistanyň Hökümetiniň aýry-aýry düzümleri  bilen BMG-niň degişli agentlikleriniň  arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde  amala aşyryldy.  Emma BMG-niň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişiň başyny başlan BMG-niň ösüş ulgamyny özgertmek bilen BMG-niň ýurtlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge bolan islegini goldamaga hemmetaraplaýyn, bilelikde we  yzygiderli çemeleşmesiniň zerurlygy ýüze  çykdy, ol adam hukuklaryny hem içine  alýar.

 

Begenç MYRATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.