logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Bir Labirintden nädip aňsat ýol bilen çykmaly?
  06.05.2023
966
Bir Labirintden nädip aňsat ýol bilen çykmaly?

Eger-de bir klassiki labirintiň içinde galan bolsaňyz ondan iň aňsat ýol bilen gysga wagtda çykmagyň ýeke-täk usuly sag eliňizi diwara goýup, hiç hili aýyrman ýöremekdir. Ýoluňyzy sagyňyzdaky diwardan eliňizi aýyrman tapanlygyňyz üçin ýoluň her çatrygynda eden ähli öwrümleriňiz sag tarapda bolar.
Täsinliklerden we hilelerden doly labirintler, ýöräniňizde size dürli päsgelçilikleri döredip biler. Bu hileleriň hemmesi wizual görnüşde bolanlygy sebäpli, görýän zatlaryňyzyň sizi aldatmazlygy üçin gezelenç wagtynda gözüňizi ýummagyňyz maslahat berilýär. Emma bu çykyş usuly diňe (klassiki) labirintler üçin ulanylýar. Döredilen ähli usullar bilen hem çykmak örän kyn bolan ýörite labirintler hem bar.
Sag eliňizi diwara goýup, hiç hili aýyrman ýöremek arkaly ýoluňyzy tapmakdyk bolsaňyz onda siz ýörite kynlaşdyrylan labirintde. Bu ýagdaýda size «Tremaux düzgüni» diýilýän bir usul gerek bolar. Ýagny munuň üçin siz ýoluň her çatrygynda, kelläňizden bir ugur saýlamaly we öz giden ugryňyzda bir bellik ýa-da yz goýmaly eger ýoluňyz öz bellik ýa-da yz goýan ýeriňize gabat gelse onda ol ýoldan ýöremän başga ýoldan gitmegi dowam etmeli. Netijede, siz ahyrsoňy bu labirintden çykarsyňyz! 

 

Gunça AKMURZAÝEWA, 

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.