Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦ ✦ Taryhymyz — gymmatly mirasymyz ✦ ✦ Ulag hyzmatdaşlygy — ösüşiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Emeli aň we ykdysadyýet ✦ ✦ Ekologiýa baradaky pikirleniş medeniýetiňi ýokarlandyrýar ✦
Baş sahypa / Tebigat /Bir gektar ýerdäki ösümlikler näçe kislorod öndürýär?
  29.06.2024
258
Bir gektar ýerdäki ösümlikler näçe kislorod öndürýär?

Ynsanyň saglygynyň esasy bölegi, biziň daşymyzy gurşap alýan howa şertleri bilen bagly bolup durýar. Biziň daşky gurşawymyzy gurşap alýan howa şertleri näçe kisloroda baý bolsa, ynsanyň saglygy şonça-da ýokary bolýar. Tebigatyň iň ajaýyp gözellikleriň biri bolan baglaryň ekologik ähmiýeti örän uludyr. Olar “fotosintez” hadysasyny başdan geçirýärler. Fotosinteziň netijesinde, bölünip çykýan kislorod bolsa, biziň dem alýan howamyzdyr. Meselem, 1 ga ýerde ösýän ösümlikler 280 kg-a çenli kömürturşy gazyny ýuwudýar, özüne siňdirýär we 220 kg-a çenli kislorod bölüp çykarýar, bu bolsa, her sagatda 200 adamyň arassa howadan dem almagydyr. Oňat ululykdaky bir agaç bolsa, 3 adamy kislorod bilen üpjün edýär we 50 kg-a çenli tozany özüne sorup alýar.

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, dürli dermanlyk otlary, haýwanat dünýäsi görenleri haýrana goýýar. Daşky gurşawy goramak baradaky alnyp barylýan syýasat bizi ata Watanymyza, onuň gözel tebigatyna, haýwanat we ösümlik dünýäsine eýeçilik gözi seretmegimize hem-de bu ugurda netijeli işleri geçirmegimize ruhlandyrýar. Tebigat – ynsanyň ýaşaýyş çeşmesidir. Ynsan tebigata aýawly çemeleşse, tebigaty gorasa, ol ynsana eşret eçilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň hemme ýerinde türkmen tebigaty täze keşbe girýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzy has hem gözelleşdirmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gözel tebigatymyzy, ondaky hemme janly-jandarlary, derýa-deňizleri, çeşme-çaýlary, dag-düzleri, ýabany we adam eli bilen döredilen tokaýlyklary, bagy-bossanlyklary, umuman aýdanyňda, tebigatda bar bolan ähli baýlyklary goramak hemmeleriň ählihalk borjy bolup durýar.

Gazakbaý ATAMEDOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň bölümçe başlygy.