Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlap, bedew bady bilen öňe barýar. Baýdak hem-de Kanun her bir döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Ata-babalarymyzyň agzybirlige, parahatçylyga, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan Esasy Kanunymyzyň-Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we milli gymmatlyklary özünde jemleýän Döwlet Baýdagynyň döredilen gününi döwlet derejesinde baýramçylyk hökmünde belläp geçmek milli däp-dessurlarymyza ygrarlydygymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Döwletiň baýdagy döwletiň häkimiýetini, garaşsyzlygyny we agzybirligini janlandyrýan, halkyň hatyrasyny we mertebesini, onuň azatlyga we özbaşdaklyga bolan arzuwlaryny suratlandyrýan tapawutlandyryjy belgidir. Baýdak—ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemlemek bilen, onuň esasy nyşanlarynyň biri bolup, ol adamlaryň aňynda milletiň nyşany, onuň ynamy we umydy hökmünde kabul edilýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň nusgasy taýýarlanylanda hem ilkinji nobatda, ata-babalarymyzyň däp-dessurlary, milli özboluşlylygy hasaba alnypdyr.
Her bir ýurduň baýdagyna özboluşlylygyň mahsus bolşy ýaly, biziň Döwlet baýdagymyzyň nyşanlary hem özboluşlydyr. Türkmene mahsus bu özboluşlylyk halkymyzyň syýasy durmuşy we medeni garaýyşlaryny ýüze çykarýar.Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň bir bölegine öwrülip, nesilden nesle geçirilip, öz täsin özboluşlylygyny we şöhratyny asyrlarboýy saklap galan amaly – haşam sungatynyň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan türkmen halylary ýurdumyzyň we dünýäniň taryhynda öz mynasyp ornuny tapdy. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň resmi nyşanlaryna türkmen haly gölleriniň şekillendirilmegi tebigi ýagdaýdyr.
Baýdagyň uly ýaşyl böleginiň ýokary çep burçunda ak reňkli ýarymaý we bäş sany ýyldyz şekillendirilen. Gadymy döwürlerden bäri türkmenler täze Aý doganda Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň bolmagyny arzuwlap, dileg edipdirler. Bäşburç ýyldyz-parahatçylygyň, dostlugyň we müdimiligiň alamaty. Başgaça aýdylanda, Döwlet baýdagymyzdaky ýerleşdirilen nyşanlar Ýer ýüzünde ýaşaýşyň we tebigatyň özara baglanyşygy hakyndaky umumy ykrar edilen düşünjeleri özünde jemleýär. Ýyldyzlaryň, şonuň ýaly-da gölleriň sany Türkmenistanyň bäş sany welaýatyny, olaryň müdimi we mäkäm agzybirligini, ýarymaýyň we ýyldyzlaryň ak reňki bolsa durmuşyň aýdyňlygyny beýan edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň wekilçiliginde dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegi, Döwlet tugumyzyň bezeginde täze nyşan peýda boldy.Ýagny haly gölleri bilen bilelikde bir bitewi gurluşy emele getirýän gyzyl gyrmyzy zolagyň aşaky böleginde bir-birini kesip geçýän iki sany zeýtun baldagy şekillendirildi. Bu nyşanyň kömegi bilen Ýer ýüzüniň halklary Türkmenistan barada, onuň Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy, türkmenleriň parahatsöýüjiligi, Watana wepalylygy we ruhubelent halkdygy hakynda düşünje alyp bilýärler. Milli baýdak, bütin durky bilen halkymyzyň agzybirligini, mertebesini we Watana bolan buýsanjyny, onuň şöhratly geçmişini, häzirki bagtyýar gününi we şanly geljegini özünde jemleýär.
Bu gün ýaşyl Baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň jaýynyň öňünde, dünýä döwletleriniň baýdaklary bilen bilelikde, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň üstünde parlaýar. Ol syýasy maslahatlarda, ylmy simpoziumlarda, halkara festiwallarynda, söwda ýarmarkalarynda we halkara sergilerde biziň döwletimize wekilçilik edýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ägirt uly halkara abraýyna, umumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň ornunyň we täsiriniň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy kadalaşdyryjy hukuknamalar ulgamynda, hukuk taýdan iň ýokary güýje eýedir. Şunuň bilen baglylykda, onda berkidilen kadar we düzgünler. Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýärler.
2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edaralarynyň düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli Parlamentiň işini jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, birnäçe teklipler öňe sürüldi.
Döwlet Baştutanymyz dünýä tejribesinden ugur alyp, iki palataly ulgama geçilmegini we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy
teklip etdi. 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň birinji mejlisi geçirildi. 2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda, 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça Konstitusion toparyň ikinji we üçünji mejlislerini geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparyna döwlet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşan teklipler doly seljerilip, umumylaşdyryp, toparyň ýygnaklarynda ara alyp maslahatlaşylandan soň, ,,Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlanyp metbugatda çap edildi.Ol halk tarapyndan ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýlelikde jemgyýetiň ösüşlerini özünde jemleýän, kämil Konstitusiýa tassyklanyp halka hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyjy bilen Döwlet baýdagymyzyň we Konstiyusiýamyzyň gadyr-gymmatyny has-da ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde belent sütünli Baş baýdak meýdançasy we Konstitusiýa binasy guruldy. Belent sütünli Baýdaklarymyz ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde hem erkin pasyrdap, şähere aýratyn görk berýär. Eziz Watanymyzyň asuda asmanynda erkana pasyrdaýan ýaşyl Tugumyz merdana halkymyzyň özbaşdak döwlet, abadan we bagtyýar durmuş baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň hasyl bolandygyny dünýä ýaýýar. Bu bolsa biziň ýaşyl Baýdagymyza, hemişelik Bitarap Watanymyza guwanjymyzy we buýsanjymyzy has-da artdyrýar.