Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Binagärlik taslamalarynda milli gymmatlyklarymyzyň we täzeçilligiň arabaglanyşygy
  22.08.2024
44
Binagärlik taslamalarynda milli gymmatlyklarymyzyň we täzeçilligiň arabaglanyşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş
nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, watansöýer, beden we ruhy taýdan sagdyn
bolmagy, jemgyýetde mynasyp orun eýelemegi üçin ähli şertler döredilýär.

Ýaşlara hünar öwretmekde milli ýörelgeler bilen halkara tejribesiniň
utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň esasy
wezipeleriniň biridir. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde sanly ulgamyň
mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylyp, okuw-önümçilik işinde ýeňillikler
döredilýär hem-de işjeň netijeler artýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron
maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar talyp ýaşlaryň has giň
möçberde maglumatlary kabul etmegimize uly ýardam edýär.

Halkara Bitaraplyk gününiň önüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Gujurly ýaşlar” atly talyplaryň we
uçurymlaryň döredijilik eserlerinden gurnaljak sergi ýurdumyzyň beýik ruhy
galkynyşyny dabaralandyrar. Çünki häzirki zaman türkmen şekillendiriş
sungatynyň ösüşini, sungatda gazanylan üstünliklerini çeperçilik taýdan beýan
etmekde ýaş suratkeşleriniň döredijilikleriniň aýdyň ýörelgesini kesgitledi.

Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýanyň ähli ugurlary
boýunça işler gatnaşar. Ýaş binagärleriň taslamalarynda milli äheňleriň
şöhlelenmesi diňe bir desgalaryň çeper bezeginde däl-de, eýsem, giňişlik
göwrümleriň ulanylyşynda hem aýdyň görünýär. Olaryň taslamalarynda dürli
akymlaryň we çeper usullaryň sazlaşygyny görmek bolýar. Ýaş suratkeş-
dizaýnerler döwrebaplyk, täzeçillik, peýdalylyk we tygşytlylyk ýaly esaslaryna
daýanýan önümleriň taslamalaryny, jemgyýetçilik binalarynyň içki bezegleriniň
dürli görnüşlerini, egin-eşikleriň täze nusgalaryny hödürlärler.

Sergä gatnaşjak binagärlik we dizaýn fakultetiniň talyplarynyň
döredijiliginde döwrebap binagärlikde dürli özgerişikleriň, täzeçillikleriň ýüze
çykyp başlandygyny görmek bolýar. Talyp ýaşlaryň döreden azgatly we köpgatly
ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-dynç alyş merkezleriniň, söwda merkezleriniň,
jemgyýetçilik desgalarynyň dürli görnüşli taslamalary maketlar bilen
aýdyňlaşdyrylýar. Talyp Gyzylgül Parahadowa “Bedew innowasion tehnologiýalar
merkezi” atly taslamasynda modern stili milli binagärlik alamatlary bilen
sazlaşýar. Bu taslama göwrümi boýunça türkmeniň ahalteke bedewiniň şekilinde
bolup, konstruktiwizm we dekonstruktiwizm akymyna degişli etmek mümkin.
Geometrik şekiller ýa-da döwülen geometrik göwrümleriň sazlaşygy bu ugra
degişli etmäge esas döredýär. Şeýle döwrebap gyzykly taslama elbetde talybyň
dünýägaraýşynyň giňdigini görkezýär. Döwrebap tehnologiýanyň gazananlary
bilen deňe-deň gidýän binagär talyplaryň şeýle ajaýyp döredijilik eserleri talyp
ýaşlara berilýän bilimleriň ýerine gowşandygyny görkezýär.

Her ýyl geçirilmegi däp bolan gujurly ýaşlaryň sergisi sungat ojagymyzyň
talyplarynyň döwrebap temalara ýüzlenmek bilen, türkmen sungatynyň gazanan
üstünliklerini döredijilikli peýdalanmaga we olara täzeçe öwüşginleri bermäge
çalyşýandyklaryny äşgär edýär. Döredilen eserlerden talyplaryň yhlas bilen zähmet
çekendigini görmek bolýar.

Gülabat Gadamowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby.