logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Science and Education /Bilim — ýurduň berk binýady
  08.10.2022
1195
Bilim — ýurduň berk binýady

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda  ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala getirilmegine gönükdirilip, ol döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýatly, kuwwatly hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine bilimi ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde uly üns berilýär. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny rejelenen görnüşde kabul edildi.  Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Şeýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Häzirki wagtda bilim ulgamynyň mazmunynyň täzelenmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde hemmetaraplaýyn sowatly, täzeçillige ukyply nesli terbiýelemäge bolan ünsüň has güýçlenmegi ýokary derejede ösýän intellektual jemgyýetiň kemala gelmeginiň esasy ugry hökmünde saýlanyp alyndy. Arkadagly Serdarymyzyň kesgitleýşi ýaly, ylmy açyşlaryň, tehnologik oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ýaş neslimizi terbiýelemek giň möçberli ylym we bilim özgertmelerimiziň düýp mazmunyny düzýär. Bu gün dana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim ulgamymyz döwrebap ösdürilýär.

Goý, bilim ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, alyp barýan beýik işleri has-da rowaç alsyn!

 

Emine BEGMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.