Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim ulgamy kämilleşdirilýär
  16.06.2024
509
Bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak babatda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ähli mugallymlary buýsandyrýar. Ine, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 978-nji  karary bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy hem sözümiziň aýdyň subutnamasydyr. Bu Konsepsiýa 8 bölümden ybarat bolup, bilim ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegi, döwrebaplaşmagy üçin uly itergi bolar. Has takygy, umumybilim berýän edaralarda okatmakda innowasion usullardan peýdalanmak, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek işi bilim işgärleriniň öňünde uly jogapkärçiligi goýdy.

 

Täze Konsepsiýanyň maksatlaryna eýerilip, bilim işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak dowam etdiriler, okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak bilen, okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligi, özbaşdak pikirleniş endikleri has-da kämilleşdiriler we ösdüriler. Üznüksiz bilim ulgamynyň mazmunyny hil taýdan täzelemek, bilim işgärlerini taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmek babatdaky işler döwrebaplaşdyrylar. Şeýle hem umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň esasynda ýaşlara çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek, olary iş ýerleri bilen üpjün etmek, mekdepden daşary we goşmaça bilimiň häzirki zaman usullary we ugurlary babatda degişli işler durmuşa geçiriler. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek möhüm ugurlardyr. Bu babatda ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň has-da döredijilikli işlemeklerini talap edýär.

 

Täze kabul edilen Konsepsiýa ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, olary dünýä derejesine çykarmakda uly ähmiýete eýe bolar. Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy mekdep ýolbaşçylarynyň we mugallymlarynyň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Bize ol wezipeleri abraý bilen berjaý etmek hem-de has netijeli zähmet çekmek üçin ähli şertleri döredip berýän, ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize egsilmez alkyş aýdýarys.

 

Dursun AMANOWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň
15-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.