Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyna Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda aýratyn ünsi çekýär. Täze neşirde: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesiller bilim öwrenýärler, kämillik ýoluny geçýärler» diýlip, örän jaýdar bellenilýär.
Eziz Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna görä, bilim ulgamynda ägirt uly tejribe toplanyldy. Häzirki zaman täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim ojaklary we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Her ýyl birinji synp okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.
Milli bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine we özleşdirmeklerine hem uly ähmiýet berýär. Sebäbi dil adamlaryň arasynda gatnaşyk saklamagyň hem-de pikiriňi beýan etmegiň esasy serişdesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny, okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Merjen SÄHETLIÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky
Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär
okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.