Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sosial media we wirtual platformalaryň ýaşlaryň innowasion pikirlenmesine ýetirýän täsiri ✦ ✦ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan atly tegelek stol geçirildi ✦ ✦ Sanly bilim ulgamy döwrebap pedagogik usul hökmünde ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman aýratynlyklary ✦ ✦ Iňlis dilini okatmagyň usullary ✦ ✦ Bulut hasaplaýyş tehnologiýalary IT ulgamynda täze mümkinçilikleriň açary ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplyk — dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýörelgesi ✦ ✦ Innowasiýa meýdanynda ýaşlaryň IT mümkinçilikleriniň giňelmegi ✦ ✦ Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň täze ugurlary ✦ ✦ Sanly bilim ulgamy: ýaş nesliň döwrebap ylmy-tehniki düşünjesini ösdürmegiň guraly ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Bikanun, habarsyz we düzgünleşdirilmedik balykçylyga garşy göreş güni
  04.05.2023
884
Bikanun, habarsyz we düzgünleşdirilmedik balykçylyga garşy göreş güni

Her ýylyň 5-nji maýy - bikanun, habarsyz we düzgünleşdirilmedik balykçylyga garşy göreş güni.  Bu sene BMG-yň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen karary bilen kesgitlendi we ondan ozal FAO-nyň ( Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasy) ünsüni jemledi.

FAO - 1945-nji ýylda döredilip, azyk howpsuzlygyna gözegçilik edýän guramadyr. FAO - uzak wagtlap hünärmenleriň analitiki hasabatlaryny, goýlan maksatlaryny çözmegiň ýolunda durýan meseleleriň  arasynda birnäçe esasy meseläni tapawutlandyryp boljakdygyny görkezýär. Olara: 

- Bikanun we çäklendirilmedik balyk tutmak;
- Balyk bazarlarynyň bolmagy;
- Bütindünýä ummanynyň hapalanmagy bilen baglanyşykly daşky gurşaw meseleleri;
- Suwlaryň kislotalaşmagyny degişli etmek bolar.
 

Bütin dünýäde balyk tutmak meselesi dünýäniň kenarýaka sebitlerinde iş meselesini çözmäge mümkinçilik berýän «TEAB-HOSTL» işiniň bir görnüşidir. Bu ugurda takmynan 200 million adam işleýär.

IUU – balyk hojalygy, bikanun balyk tutulmagy we şol ugurda alnyp barylýan işleri özünde jemleýän gurama.  Tutulan balyklar desterhanymyza gelende ,geljegimiziň abadançylygyna we planetamyzyň ekologiki durnuklylygyna zyýan berýän gowşak we jenaýat işine bilmedik ýagdaýymyzda şärik bolanymyzy duýman galýarys.

Bu faktorlaryň hemmesi göz öňünde tutulyp, 1995-nji ýylda FAO - dünýäniň ähli ýurtlarynda we ilkinji nobatda BMG agza ýurtlara balyk tutmagyň ýörelgelerini kadalaşdyrmak üçin maslahat beriji çäreleri öz içine alýan jogapkärçilikli balykçylyk üçin özüňi alyp baryş şertlerini kabul etdi. Balyk tutmak we bikanun habar berilmedik  we düzgünleşdirilmedik balyk tutmak meselesi Durnukly ösüşiň maksatnamasyna girizildi we bu meseläniň çözgüdi adamzadyň durnukly ösüşiniň maksatlarynyň birine öwrüldi.

2009-njy ýylda FAO – «IUU»-nyň hödürlän  balykçylygyň öňüni almak we oňa garşy çäreleri geçirmek teklibini kabul etdi. Bu karar 2016-njy ýylyň 5-nji iýunynda güýje girdi.

Bikanun awçylyk meselesi bilen bagly BMG Baş Assambleýasy 2022-nji ýyly «Halkara senetçilik we balykçylyk we suw hojalygy ýyly» diýip yglan etdi. 

 

Muhammet  ILMURADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.