Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň çagalar baglarynda çagalaryň saglygy barada alada ✦ ✦ Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni ✦ ✦ Saglyk — durmuşyň gymmaty ✦ ✦ Türkmen sportuna belent sarpa ✦ ✦ Daşary ýurt dili otaglaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda ✦ ✦ “Söýýän güýz paslyny, sarylygyny” ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti «COP29» maslahatyna gatnaşýar ✦ ✦ Saglyk we sport — röwşen geljegiň berk binýady ✦ ✦ XVII halkara sergi we «Türkmentel-2024» atly ylmy konferensiýa geçiriler ✦ ✦ Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Beýik şahyr ― dost-doganlygyň waspçysy
  09.11.2024
124
Beýik şahyr ― dost-doganlygyň waspçysy

Türkmen halkynyň taryhynda we ruhy äleminde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi mynasyp orun tutýar. Beýik akyldaryň ynsan tebigatyny, durmuşy şeýle jaýdar beýan edip bilendigi sebäpli, bu eserler islendik döwürde-de öz gymmatyny ýitirmeýär we dünýä ýurtlaryna özüniň ýiti nuruny saçyp, ruhy lezzet berýär. Dost-doganlyk gatnaşyklaryň netijesinde dünýä ýurtlary hem Magtymgulynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýarlar.

 

Magtymguly Pyragynyň goşgulary we poeziýasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, onuň serhetlerinden has uzakda-da uly meşhurlyga eýedir. Bilşimiz ýaly, polýak alymy we ýazyjysy Aleksandr Hodzko-Boreýko 1842-nji ýylda Londonda Magtymgulynyň terjimehalyny hem-de 3 sany goşgusyny iňlis dilinde çap edip, ilkinji bolup türkmen şahyryny bütin dünýä tanadypdyr.

 

]Magtymgulynyň edebi mirasyny toplamakda, öwrenmekde we okyjylara ýetirmekde uly işler bitirenleriň ýene-de biri XIX asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýa syýahat eden wenger alymy Arminiý Wamberidir. Ol türkmen topragyna gelen döwründe Magtymgulynyň poeziýasyny ýygnaýar, ykjam öwrenýär we 1879-njy ýylda Leýpsig şäherinde «Türkmenleriň dili we Magtymgulynyň diwany» diýen makalasyny çap etdirýär. Wamberi bu makalasynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada maglumat berýär. Şahyryň 31 goşgusyny tutuşlygyna, 10 goşgusyny bolsa bölekleýin türkmen hem nemes dillerinde çap edýär.

 

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleri diňe bir iňlis, nemes, fransuz alymlary tarapyndan däl-de, eýsem, Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň alymlary tarapyndan hem pelsepe mekdebi hökmünde öwrenilipdir. Görnükli moldowan ýazyjysy Lidiýa Hlib: «Moldowan edebiýatynyň nusgawy şahyrlary ýaly, Magtymguly hem öz döredijiliginde adama we onuň arzuw-hyýallaryna esasy orun beripdir.

 

Bulardan başga-da, dünýäniň köp ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dana şahyryň döredijiligine bagyşlanyp baýramçylyk çäreleri, sergiler, «açyk gapylar» günleri ýaly medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar. Türkmen halkyny aýratyn begendirýän zatlaryň biri bolsa Magtymguly Pyragyny daşary ýurtly alymlaryň hem içgin öwrenip, beýik akyldaryň döredijiligini öz ýurdunyň iň öňdebaryjy söz ussatlary bilen bir orunda goýmagydyr.

 

Mähri HUDAÝGULYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy.