Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaplary geljekki nesiller üçin pähim-paýhas mekdebi ✦ ✦ Stomatologiýada ulanylýan enjamlaryň fiziki häsiýetleri ✦ ✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Beýik işleriň rowaçlanýan zamanasyna buýsanç
  14.06.2023
776
Beýik işleriň rowaçlanýan zamanasyna buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlar babatda ösüşlere eýe bolýar. Okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamy hökmünde ykrar edilen gurluşyk-senagat toplumy oňyn netijelere eýe bolup, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş we sport maksatly desgalar, seýilgähler we beýleki köp sanly desgalar ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň subutnamasy bolup çykyş edýär. Ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegi, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, onuň düzüminiň kämilleşdirilmegi täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşyp, häzirki döwrüň özboluşly nyşanyna, amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmasyna öwrüldi. Şeýle durmuş maksatly iri taslamalar ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň sanynyň artýandygyny nazara almak esasynda işlenip taýýarlanylýar.

Bular bilen birlikde, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy, şeýle-de bu giň gerimli taslamanyň ikinji tapgyrynyň hem durmuşa geçirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri, beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynyň edaralaryny, sport desgalaryny, edara binalaryny özüne birleşdirýär. Umuman, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde ägirt uly binagärlik toplumlary, edara binalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, iň kämil, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen iri önümçilik kärhanalary gurulýar. Şeýle beýik işler kalplary çäksiz buýsanja hem guwanja besleýär. 

 

Maksat MYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.