Magtymguly Pyragy, XVIII asyryň görnükli türkmen şahyry, türkmen edebiýatynyň möhüm şahsyýetleriniň biridir. Onuň döredijiligi we mirasy diňe bir edebiýatda däl, eýsem, halkyň taryhynda, medeniýetinde, we jemgyýetçilik durmuşynda hem uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň hukuk taýdan öwrenilişi möhüm meseleleriň biridir.
Magtymguly Pyragynyň poeziýasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň aýnasydyr. Onuň eserleri diňe bir edebiýatda däl, eýsem, halkyň taryhynda, medeniýetinde we jemgyýetçilik durmuşynda hem uly ähmiýete eýedir. Şahyryň goşgulary halkyň başdan geçiren kynçylyklaryny, arzuwlaryny we ruhy dünýäsini beýan edýär. Onuň döredijiligi türkmen milli özboluşlylygynyň we edebi mirasynyň bir bölegi bolup durýar.
“Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny taýýarlanyldy. Kanun Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Şu Kanun IV bapdan:
I. Umumy düzgünler;
II. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet düzgünleşdirmesi;
III. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň döwlet goragy;
IV. Jemleýji düzgünlerden hem-de 18 maddadan ybaratdyr.
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň hukuk taýdan öwrenilişi onuň döredijiliginiň we mirasynyň goralmagyny we nesillere ygtybarly geçirilmegini üpjün etmek üçin möhümdir. Bu işleriň hukuk taýdan alnyp barylmagy, milli medeni mirasymyzyň we edebiýatymyzyň ösüşine uly goşant goşar.
Dilnoza MUHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.