Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Berkarar döwleti arzuw eden akyldar şahyra sarpa
  05.07.2024
189
Berkarar döwleti arzuw eden akyldar şahyra sarpa

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Çünki şahyryň döredijiligi öwüt-ündew bilen baglanyşyklydyr, milli terbiýäniň belent nusgasydyr. Esasan hem ýaş nesillere terbiýe berlende şahyryň goşgulary mysal getirilýär, onuň ähmiýeti düşündirilýär. Öwüt-ündew häsiýetli goşgularyň üsti bilen milli terbiýe mekdebi kemala gelýär.

 

Ýakynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçdi. Bu döredijilik baýramy şanly waka hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynda mynasyp orun eýeleýär. Şu mynasybetli Nurmuhammet Andalyp adyndaky Daşoguzyň döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary, sahna ussatlary biziň 18-nji çagalar bakja-bagymyzda myhmançylykda boldular.

 

Teatr işgärleriniň bakja-bagymyzda terbiýelenýän çagalar bilen duşuşmagy körpeleriň buýsanç duýgusyny artdyrdy. Olar çagalarda dostlugy, agzybirligi terbiýelemek, dogruçyllyk endiklerini özleşdirmek, halallyk ýörelgelerine eýermek bilen bagly çykyşlary etdiler. Munuň özi çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde şeýle asylly ýörelgeleriň çuňňur beýan edilýändigini bellemek bilen, myhmanlar beýik şahyrymyzyň eserleriniň milli däp-dessurlarymyzy, görüm-göreldäni, ahlaklylygy, agzybirligi çeper wagyz edýändigini buýsançly nygtadylar.

 

Hakykatdan-da, Magtymguly Pyragy agzybirligi türkmen halkynyň abadançylygynyň girewi diýip düşünipdir. Magtymguly Pyragynyň islendik şygryny okanyňda, ol ýüregiň töründe orun alýar. Şahyr Watany söýmegi, gaýduwsyzlygy, mertligi nesihat edipdir.

 

Aýgül IBADULLAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.