logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Belgiýaly «Kiçijik Eýnşteýn» 12 ýaşynda doktorantura başlaýar
  04.11.2022
1298
Belgiýaly «Kiçijik Eýnşteýn» 12 ýaşynda doktorantura başlaýar

Belgiýada «zehinli oglanjyk» hökmünde tanalýan 12 ýaşly Laurent Simons kwant fizikasynda magistr derejesini gutarandan soň doktorlyk derejesine ýakyn wagtda başlar.

«Kiçijik Eýnşteýn» diýlip tanalýan Laurent Simons-yň kakasy Aleksandr Simons oglunyň Germaniýanyň Maks Plank institutynda ylymlaryň doktory derejesini aljakdygyny aýtdy. Berlen maglumata görä, «zehinli oglanjygyň» ylymlaryň doktory derejesini almak boýunça programmasynda himiýa, lukmançylyk we fizika ýaly ylymlaryň hem boljakdygy mälim edilýär.

Aleksandr Simons oglunyň diňe bir ugur bilen çäklenmek islemeýändigini belleýär.

Simons - Maks Plank institutynyň mugallymlary bilen doktorlyk derejesini dowam etdirer we gandan rak keselini anyklaýan lazerler boýunça gözleg geçirýän topar bilen bilelikde işlär.

Laurent Simons - 2009-njy ýylyň 26-njy dekabrynda Belgiýanyň günbataryndaky kenarýaka Ostend şäherinde dünýä indi. Simons, Eindhoven Tehniki Uniwersitetiniň Elektrik inženerligi hünärini 9 ýaşynda tamamlap,  Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 12 ýaşynda Antwerp uniwersitetinde kwant fizikasy boýunça magistr derejesini aldy. «Kiçijik Eýnşteýn»-niň «IQ»-si 145 bolup, onuň baş maksady «adamzadyň ömrüni uzaltmak» bolup durýar. Onuň iň gowy görýän güýmenjesi kitap okamak we itler bilen oýnamak bolup durýar. 

 

Akjagül BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.