Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadag şäheri döwrebaplygy, ekologiýa bilen sazlaşyklylygy we ýurdumyzyň innowasion ösüşini alamatlandyrýar. Täze taryhy döwürde Arkadag şäherini diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň nusgalyk şäherine öwürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu hakykat şäheriň dünýäniň abraýly guramalarynyň halkara güwänamalarydyr baýraklaryna mynasyp bolmagynda has äşgär görünýär.
Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinden gelip gowşan Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragy we güwänamalary hem Arkadag şäheriniň nobatdaky halkara üstünligidir. Täze şäheriň binagärlik we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän görkezijilerine berlen bu ýokary baha ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem ol täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Ýagny Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alynmagy, olaryň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy esasynda tassyklanylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň we egsilmez yhlasynyň aýdyň netijesidigi hakynda buýsanç bilen nygtamak zerur. Bu ugurda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesi, Arkadag şäheriniň hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagynda hem aýdyň görünýär. Şeýle hem bu Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýşa degişli serişdeleriniň, çagalar iýmitleriniň, zyýansyzlandyryş sargylarynyň we stomatologiýa degişli önümleriniň hil derejesiniň halkara ölçeglere laýyk gelýändigini alamatlandyrýar.
Halkymyzy bagtyýar günleriň gujagynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen GURBANGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.