logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Culture /Behişdi bedewler milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi
  07.02.2025
521
Behişdi bedewler milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi

Ahalteke bedewleri diňe bir Türkmenistanyň milli buýsanjy bolman, eýsem, bütin dünýä medeniýetiniň gymmatly miraslarynyň biridir. Gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy hem-de wepadarlygy bilen tapawutlanýan bu behişdi bedewler, häzirki döwürde ata Watanymyzyň ösüşiniň we rowaçlygynyň nyşany hökmünde tanalýar.

Türkmen halkynyň gadymy ynançlarynda at toýnagynyň düşen ýerinde bereket bolýandygy bellenilýär. Halkymyz bedew atlary hemişe wepaly dost edinip, olary söýgi we hormat bilen garşylapdyr. "Saňa at diýmerin, gardaş diýerin" diýen parasatly jümleler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli bedewlerimiziň ady taryhda hem uly orun tutýar. Şahyrlar, ýazyjylar we rowaýatçylaryň eserlerinde atyň ynsanyň aýrylmaz ýoldaşy, uzak menzilleri ýakyn edýän hemrasy bolup çykyş edýändigi beýan edilýär. Bu hakykatlar Gahryman Arkadagymyzyň "Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz", "Gadamy batly bedew", "Ganatly bedewler", "Atda wepa-da bar, sapa-da" atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapýar.

Ýakynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwaly türkmen bedewleriniň dünýä derejesindäki şöhratynyň ýene bir gezek tassyklanmagyna sebäp boldy. Festiwalyň çäklerinde birnäçe gezek halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi bolan "Galkynyş" topary dürli öwüşginli çykyşlary bilen tomaşaçylary haýrana goýdy. Toparyň agzalarynyň ýerine ýetiren täsin tomaşalary, olaryň çeýeligini, gözelligini hem-de ussatlygyny açyp görkezdi.

Türkmenistanda behişdi bedewlere uly sarpa goýulýar. Olar diňe bir sporty ösdürmekde däl, eýsem, milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hökmünde döwlet derejesinde goldanylýar. Türkmen bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun!

Parahat TLEUOW,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň
Dil öwreniş bölüminiň öwreniji mugallymy.