logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Culture /Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi
  26.04.2024
892
Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda  ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty belent derejelere göterilýär. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy hem ruhy baýlyk hasaplanylýar. Döwletli ojaklarda bedew atyň agnap durmagy barjamlylykdan,  gurplulykdan nyşan. Emma oňa hiç bir döwürde-de haryt-mal hökmünde garalmandyr, çünki biziň halkymyzda asyllylygyň, wepanyň, dostlugyň bahasy kesgitlenmeýär. Älemi haýrana goýýan türkmen bedewlerinde hem hut şeýle ajap sypatlar jemlenen. Ahal-teke atlaryna «asman şasy» ýa-da «behişdi bedew» diýip, mynasyp baha berýärler. Ata-babalarymyz asyrlarboýy ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny saklamak üçin düýpli aladalanypdyrlar. Onuň ata-ene tarapynyň ýedi arkasynyň arassa ganlylygy berk yzarlanypdyr.

 

Häzirki bagtyýar döwrümizde ahal-teke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň merkezinde ýerleşdirilen. Bedew atlarymyz millletimiziň buýsanjy bolup ýer ýüzüne ýaň salýar.

 

Halkymyzyň durmuş keşgini bile çekişip, öz tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke atlarymyza çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Muhammetnazar AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.